Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran urany baýlaşdyrýan täze iki sany merkez gurar


Eýranyň ýadro energiýasy boýunça ýokary derejeli wekili Ali Akbar Saleý ediläýmegi mümkin hüjümden goranmak üçin Tähranyň daglyk regionlarda urany baýlaşdyrýan iki sany täze merkezi gurjakdygyny aýtdy.

Ol Eýranyň IRNA habar agentligine beren interwýusynda, şu mesele boýunça parslaryň täze ýylyndan soňra işe başlanjakdygyny aýtdy. Eýranyň kalendary boýunça täze ýyl 21-nji martda başlanýar.

Ol bu baradaky uzak möhletleýin strategiýa görä, Tähranyň geljekde 10 sany şeýle merkezi gurmagy planlaşdyrýanlygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Ali Akbar Saleý şol merkezlerden 5-siniň guruljak ýeriniň anyklananlygyny we beýleki bäşisi boýunça iş alnyp barylýanlygyny belledi.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Filip Krowlynyň aýtmagyna görä, Eýranyň bu hereketleri öz ýadro programmasy boýunça halkara jemgyýetçiligi bilen netijeli gepleşikleri geçirmäge taýýar däldigini aňladýar.
XS
SM
MD
LG