Sepleriň elýeterliligi

Ýaşlar syýasy partiýalary isleýärlermi?


Geçen hepde prezident Berdimuhamedow hökümet maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanda demokratiýany ösdürmek ugrunda çäreleriň göruljekdigini aýtdy.

Berdimuhamedow şu ýylyň özünde oppozision partiýalary esaslandyrymaga rugsat beriljekdigini mälim etdi.

Türkmen ýaşlary prezidentiň teklibini gowy garşy alýarlar we indi syýasy partiyalaryň ýurtda erkin işlemegi üçin zerur şertler dörär diýip garaşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Şir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar“ programmasynda dünýäniň dürli ýurtlaryndaky türkmen ýaşlarynyň öz ene dillerini nähili öwrenýändikleri hem-de Owganystandaky türkmen ýaşlarynyň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaga isleg bildirýändikleri barada hem maglumat berilýär.

Bular baradaky gepleşigi diňlemek üçin sahypanyň sag tarapynda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG