Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede 50-ä golaý harby ofiser sorag edildi


Türkiýede hökümet agdarylşygyny planlaşdyranlykda aýyplanýan 50-ä golaý harby ofiser sorag edildi.

Sorag edilenlerden 14-siniň ýokary derejeli harby ofiserlerdigi aýdylýar.

Bu işi alyp barýan türk prokurorlarynyň beren maglumatlarynda, ýedi ýyl mundan ozal sorag edilen harby ofiserleriň başagaýlyk döretmek maksady bilen birnäçe bomba partlamasyny planlaşdyrandygy öňe sürülýär.

Bu mesele bilen bagly derňew işleriniň iki ýyl mundan öň geçirilip başlanandygy habar berilýär.

Tankytçylar häkimiýetiň oppozisiýany dargatmak maksady bilen bu işi alyp barýandygyny aýdýarlar.

Türkiýäniň harbylary ýurduň dünýewiliginiň goraýjylary hasaplanýar. Olar 1960-njy ýyldan bäri Türkiýede 4 hökümetiň çalyşmagy ugurynda iş alyp bardylar.
XS
SM
MD
LG