Sepleriň elýeterliligi

Eýran: “Günbatar sünni gozgalaňçylaryň tussag edilen liderini goldaýar”


Eýran resmileri Günbatar ýurtlaryny sünni gozgalaňçylaryň tussag edilen lideri Abdulmälik Rigini goldaýanlykda aýyplaýarlar.

Eýranyň Aňtaw ministri Haýdar Moslehini özlerinde ony saklamaga esas döredýän anyk subutnamalarynyň bardygyny aýdýar.

Moslehini şol subutnamalaryň nämeden ybaratdygy hakda jikme-jik maglumat bermezden, Abdulmälik Rigininiň tussag edilmezden 24 sagat öň amerikan bazasynda bolandygyny mälim etdi.

Tussag edilen Rigininiň ýolbaşçylyk edýän Jundallah, ýagny “Hudaýyň esgerleri” atly sünnileriň topary Eýranyň günorta-gündogarynda amala aşyrylan birnäçe terror hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

Şu gün Owganystanyň Helmend welaýatynda bomba partlamasynyň netijesinde azyndan ýedi adamyň heläk bolup, on adamdan gowragynyň ýaralanandygy habar berilýär.

Ýerli resmileriň beren maglumatlarynda heläk bolanlaryň hemmesiniň parahat ýaşaýjydygy aýdylýar.

Laşkar Gan şäherinde bolan bu wakada welosipede berkidilen bomba partlady.

Häzir bu ýerde ýaranlyk güýçleriniň müňlerçe esgeri 11 günden bäri owgan goşunlary bilen bilelikde, bu regiony pitneçilerden arassalamak maksady bilen giň göwrümli harby hereketleri geçirýärler.
XS
SM
MD
LG