Sepleriň elýeterliligi

Gyzyl Haç guramasynyň delegasiýasy Türkmenistana sapar edýär


Türkmen metbugatynda berlen maglumatlarda Gyzyl Haç guramasynyň delegasiýasynyň Türkmenistana sapar edýändigi aýdylýar.

Delegasiýa bu guramanyň Merkezi Aziýa boýunça regional wekilçiliginiň ýolbaşçysy Iw Jowanonniniň ýolbaşçylyk edýändigi habar berilýär.

Düýn Gyzyl Haç guramasynyň delegasiýasy Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi we milli parlamentiň gurluşy bilen tanyşdyrylyp gepleşikler geçirildi.

Bu gepleşiklerde Türkmenistanyň milli kanunçylygynda halkara gumanitar hukuklaryň (HGH) kadalaryny amala aşyrmak, şeýle hem Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň statusy hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň proýektini taýýarlamak, Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde we ýurduň okuw jaýlarynda halkara gumanitar hukuklary öwrenmek babatdaky meselelere garalandygy aýdylýar.

Şu gün Gyzyl Haç guramasynyň delegasiýasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň forumyna gatnaşýar diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG