Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystandaky rus harbylarynyň maşgalalary Orsýete dolanarlar


Gyrgyzystanda gulluk edýän rus harbylarynyň köpüsiniň maşgalalary 1-nji marta çenli Orsýete gaýdyp bararlar diýip, Gyrgyzystanda ýerleşýän rus harby bazasynyň ýolbaşçysy Wladimir Nosow žurnalistlere mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, Orsýetiň Goranmak ministrliginiň ýakynda girizen täze düzgünine laýyklykda, daşary ýurtlarda gulluk edýän harbylaryň maşgalalary hemişe olaryň ýanynda bolup bilmezler.

2003-nji ýylda Gyrgyzystanda açylan rus harby bazasynda 400-e golaý adamyň gulluk edýändigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG