Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ençeme student ýyllyk synaglardan ýykylýar


Eýranda 2004-nji ýyldan bäri ýurduň ýokary okuw jaýlarynda okaýan 5 milliona golaý studentiň ýylyň soňunda tabşyrylýan synaglardan geçip bilmeýändigi aýdylýar. Bu barada Eýranyň Parlamentindäki Barlag merkezi maglumat ýaýratdy.

Bu ýagadaý sebäpli hökümet hem studentleriň maşgalalary 2 milliard dollara barabar çykdajy etmeli boldular diýlip, habar berilýär.

Parižde ýaşaýan bilim boýunça ekspert Saeed Peýwandi Eýranyň studentleriniň takmynan 30%-niň okuwyň dowamynda iň bolmanda bir gezek ýyllyk synaglardan geçip belmeýändiklerini statistik maglumatlaryň tassyklaýandygyny, Azatlyk Radiosynyň Pars gullugyna beren interwýusynda aýtdy.
XS
SM
MD
LG