Sepleriň elýeterliligi

Owgan prezidenti saýlawa degişli kanuna üýtgediş girizdi


Owganystanyň prezidenti ýurtda geçirilýän saýlawlar bilen bagly şikaýatlary kabul edýän komiteti öz garamagyna geçirmek üçin kanuna üýtgetme girizdi.

Geçen ýyl Owganystanda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndan soň, bu komissiýa Hamid Karzaýa berlen sesleriň ýarym milliondan gowragyny hasaba almady.

Ýurtda geçirilýän saýlawlar bilen bagly şikaýatlary kabul edýän komitetiň metbugat sekretarynyň aýtmagyna görä, täze düzgün boýunça prezidentiň özi bu komissiýanyň 5 adamdan ybarat ýolbaşçy toparyny belläp biler.

Öň kommisiýa ýolbaşçylyk edýän 5 adamyň 3-si Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky missiýasy tarapyndan bellenilýärdi.

Owganystanda geçirilmeli parlament saýlawlary 22-nji maýa bellenilipdi. Emma saýlaw sistemasynda reformalaryň geçirilmegi bilen bagly bu saýlawlar 4 aýa gaýra goýuldy.
XS
SM
MD
LG