Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain prezidenti ilkinji saparyny Brýussele etmekçi


Ukrainanyň täze saýlanan prezindeti Wiktor Ýanukowiç wezipä girişmeginden soňky ilkinji saparyny Brýussele amala aşyrmagy planlaşdyrýar.

Bu saparyň 1-njy marta bellenilendigi habar berilýär.

Ýewropa Bileleşiginiň adynyň agzalmagyny islemedik bir resmisi Ýanukowiçiň Brýussele bu saparynyň Moskwadan öň amala aşyryljakdygyny nygtap, Ýanukowiç şeýle etmek bilen Günbatar we Orsýet bilen gatnaşyklaryny deňagramly saklamak isleýändigini görkezýär diýdi.

25-nji fewralda Wiktor Ýanukowiçiň kasam edişlik dabarasy geçiriler.

Wiktor Ýanukowiçiň Orsýete haçan sapar etjekdigi barada anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG