Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda türmeleriň ýagdaýy boýunça ilkinji hasabat çap edildi.

“Türkmenistanyň garaşsyz aklawçylar assosiasiýasy” we “Ynsan hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” guramasy tarapyndan taýýarlanylan bu hasabatda Türkmenistanyň türmeleri boýunça statistiki maglumatlar, türmeleriň sanawy we şertleri, tussaglaryň ykbalyndan mysallar getirilýär.

Türkmenistanyň tussaghanalary boýunça ýaýradylan hasabatyň “Açyk Jemgyýet” institutynyň we “National Endowment for Democracy” guramasynyň goldawy bilen taýýarlananlygy, berlen sanlaryň “Türkmenistanyň garaşsyz aklawçylar assosiasiýasynyň” agzalarynyň töwekgelçilikli tagallalary bilen toplananlygy aýdylýar.

Hasabatyň esasy maksadynyň türkmen türmelerindäki ýagdaýlara türkmen häkimiýetleriniň, halkara jemgyýetçiliginiň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň we halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden ybaratdygyny hasabatyň awtorlaryndan “Ynsan hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Hasabatda Türkmenistanyň türme indeksiniň dünýä boýunça iň ýokarydygy aýdylýar.

Türme indeksi nämäni aňladýar?

Farid Tuhbatulliniň sözlerine görä, bu görkeziji ýurtlaryň türmelerinde saklanylýan adamlaryň sanynyň ýurduň ilat sanyna gatnaşygyny kesgitlemek üçin bilermenler tarapyndan ulanylýar. Ýagny, umumy ilat sany türmelerde saklanýanlaryň sanyna bölünýär. “Şeýlelikde Türkmenistanyň türme indeksi 534-e barabar bolup, ýurtda tussaglykda saklanýanlaryň sany boýunça gözgyny ýagdaýdan habar berýär”.

Hasabatda Türkmenistanyň türmelerindäki ýagdaý, hususan-da, Gazagystan, Gyrgyzystan we Ýewropa döwletleri bilen deňeşdirilýär. Türkmenistanyň türme indeksi hasabatda 534 diýip kesgitlenen bolsa, türme indeksi Gazagystanda 348, Gyrgyzystanda 285, Ýewropa döwletlerinde bolsa 80-90 töwereginde.

Türkmenistanyň ilat sany boýunça takyk statistiki maglumatlar ýok. Soňky ýyllarda resmi sanlar hem berilmeýär.

“Türkmen inisiatiwasy” we “Türkmenistanyň garaşsyz aklawçylar assosiasiýasy” tarapyndan taýýarlanylan hasabatda Türkmenistanyň ilat sany boýunça elýeterli maglumatlar esasyndaky ortaça san, ýagny bäş million adam esasynda baha berilýär.

Şu günki gün Türkmenistanyň tussaghanalarynda, olaryň göwrümine garanda bolmalysyndan 3,3 esse köp adamyň saklanylýanlygy, munuň bolsa keselçiligiň ýaýramagyna we ölümiň köplügine sebäp bolýanlygy maglumatda bellenilýär.

“Açyk gapylar” syýasaty we ýurduň ýapyklygy

Türmeleriň ýagdaýy soňky döwürde düýpli reformalary yglan edýän Türkmenistanda ýapyklygyna galýan meseleleriň biridir.

Türkmenistan soňky ýyllarda has açyk daşary syýasaty ýöredip, halkara derejesinde maliýe-ykdysady we biznes gatnaşyklaryny ösdürýän hem bolsa ýapyk ýurt hasaplanylýar.

Dünýä ýurtlarynyň azatlyk we açyklyk derejesine baha berýän halkara guramalarynyň, şol sanda “Freedom House”, “Heritage Foundation” guramalarynyň 2009-njy ýyl boýunça çap eden hasabatlarynda Türkmenistan dünýä ýüzünde iň ýapyk ýurtlaryň biri hökmünde kesgitlendi. Türme sistemasyndaky aýdyňlyk halkara guramalary tarapyndan ulanylýan esasy kriteriýalaryň biri bolup durýar.

Türkmenistan postsowet giňişliginde halkara synçylary öz türmelerine goýbermeýän ýeke-täk ýurt bolup, hatda Merkezi Aziýa regionynda iş alyp barýan “Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý” guramasyny-da öz türmelerine goýbermän gelýär.

“Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý” Türkmenistanda

Şu günler halkara “Gyzyl haç” komitetiniň resmi topary Türkmenistana sapar edýär.

Guramanyň Merkezi Aziýa boýunça regional bölüminiň ýolbaşçylary Iw Jowannoniniň we Fransua Blansiniň Türkmenistanyň Mejlisinde, Demokratiýa we ynsan hukuklary boýunça milli institutynda, milli “Gyzyl ýarymaý” jemgyýetinde, Içeri we Daşary işler ministrliklerinde geçiren gepleşiklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi, şol sanda Türkmenistanyň milli kanunlaryna halkara gumanitar kadalarynyň girizilmegi we “Gyzyl ýarymaý” milli jemgyýetiniň statusy boýunça kanunyň taýýarlanmagy maslahat edildi. Bu barada Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde aýdyldy.

Türkmenistanyň “Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý” komiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagynyň we bu guramanyň wekillerini türmelere goýbermeginiň zerurlygy ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalarynyň köp ýyllaryň dowamynda edip gelýän esasy çagyryşlarynyň biri bolup durýar.

Aşgabatdaky gepleşiklere öňegidişlik hökmünde garap bolarmy?

Türkmenistanyň öz türmelerine halkara synçylaryny goýbermäge islegsizligi syýasy tussagalaryň ykbaly bilen bagly diýip, käbir synçylar pikir edýärler.

Postsowet döwletleri boýunça analitik Aleksandr Narodetskiý türkmen tarapynyň “Gyzyl haç” guramasy bilen soňky gepleşiklerini türkmen häkimiýetleriniň oppozision partiýalaryň döremegine rugsat bermek karary bilen baglanyşdyrýar.

“Eger Türkmenistan oppozisiýanyň ýurtda bolup biljegini mälim eden bolsa, şu günki gün türmede saklanylýan oppozisiýa agzalaryna hem başgaça garamaga türkmen häkimiýetlerine näme päsgel berýär? Şol oppozisiýa wekilleri 2002-nji ýylda Nyýazowyň süteminiň pidasy bolupdylar, Berdimuhamedowyň pidasy däl” diýip, A.Narodetskiý belledi.

A.Narodetskiniň pikirine görä, G.Berdimuhamedow oppozisiýanyň statusyny dikeldýän bolsa, türmede saklanylýan oppozisiýa wekilleriniň statusyna hem gaýtadan garap bilerdi.

Bilermen Türkmenistanyň şu çaka çenli halkara guramalary bilen gatnaşyklarynyň çäklidigini ýurtda ýöredilen üzňelik syýasaty bilen baglanyşdyrýar.

Çözülmegi zerur meseleler

“Türkmenistanyň garaşsyz aklawçylar assosiasiýasy” we “Ynsan hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň Türkmenistanyň türmeleri boýunça ýaýradan hasabatynda türmeleriň, koloniýalaryň, derňew izolýatorlarynyň tussaglaryň sanyna görä çakdanaşa darlygy aýdylýar.

Hasabatda tussaglaryň hukuklarynyň depelenmeginiň, olaryň mertebesiniň kemsidilmeginiň, türme işgärleriniň arasyndaky güýçli korrupsiýanyň, bu ýagdaýlara jemgyýet tarapyndan gözegçilik edilmezliginiň örän ýiti meseledigi hem nygtalýar.

Hasabatd aýdylmagyna görä, tussaglaryň hak-hukuklarynyň berjaý edilip, olaryň saklanylýan şertleriniň swilizlenen döwletleriňkä golaýladylmagy üçin agzalan meseleleriň türkmen häkimiýetleri tarapyndan çözülmegi zerur.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG