Sepleriň elýeterliligi

Duşenbe güni Astanada Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew, ýurduň döwlet sekretary we Daşary işler ministri Kanat Saudbaýew bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki döwletiň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk, Owganystan meselesi, şeýle-de Hazaryň hukuk statusy ýaly meseleler maslahatlaşyldy.

Eýsem, Sergeý Lawrowyň Gazagystana iş saparynyň maksady näme bolmagy mümkin, ekspertler nähili pikirde?

2010-njy ýyldan Gazagystan ÝHHG-ä we GDA guramasyna ýolbaşçylyk edýär. Şu ýagdaý bilen baglanyşykly käbir meselelerde Gazagystanyň pozisiýasyna anyklyk girizmek Orsýet üçin möhümdi diýip, Gazagystanly syýasaty öwreniji Dosum Satbaýew aýdýar.

Onuň sözlerine görä, Lawrowyň saparynyň gümürtik taraplary-da bar: “Sebäbi golaýda Nursultan Nazarbaýew resmi bolmadyk sapar bilen Orsýetde bolup, prezident Medwedew hem-de Wladimir Putin bilen duşuşdy. Şonda Nazarbaýewiň Astanada ÝHHG-niň sammitini geçirmek barada Orsýetden goldaw almaga barandygy aýdylypdy.”

”Ikinjiden, Orsýet-Gazagystan serhedinde gümrük tölegleriniň ýokarlanandygy sebäpli Orsýetiň käbir nebit kompaniýalary Gazagystana öz önümlerini eltip bilenok. Şeýlelikde, Gazagystanyň nebiti gaýtadan işleýän kompaniýalarynyň işi togtady. Elbetde, Sergeý Lawrow bilen şu meseleler hem maslahatlaşylan bolmaly” diýip, Satbaýew güman edýär.

Soňky döwürde Orsýet bilen Merkezi Aziýa respublikalarynyň gatnaşyklarynyň pese gaçandygy barada köp aýdylýar. Gazagystanly ekspertler munuň sebäbini Orsýetiň Merkezi Aziýanyň her bir respublikasynyň syýasatyna laýyk syýasat ýöretmeýändiginde görýärler.

Gazagystanly ekspert Eduard Politaýewiň pikirine görä, Türkmenistany daşky hyzmatdaşlykda ykdysady aspektler köpräk gyzyklandyrýar.

Türkmenistanyň Özbegistandan tapawudy

“Turkmenistan öz nebit we gazy bilen Orsýetiň ünsüni özüne çekýär. Daşky syýasy sferasynda Türkmenistan öz bitaraplyk statusyna daýanyp, regional masştabda däl, eýsem dünýä masştabyndaky inisiatiwalary öňe sürýär” diýip, Eduard Politaýew Özbegistanyň syýasatynda aýratyn özgerişligiň göze ilmeýändigini öňe sürýär.

Politaýew Özbegistan ABŞ, Ýewropa ýurtlary we Hytaý ýaly döwletler bilen gowy aragatnaşyk saklamaga çalyşýar diýýär. “Emma Özbegistanyň daşky syýasatynda uly öwrülişik boldy diýip, aýdyp bolmaýar. Regionyň iň garyp döwletleri Tajigistan bilen Gyrgyzystan barada aýtsak, olary maliýe kömegi meselesi köpräk gyzyklandyrýar. Şeýlelikde Orsýetde umumy region bilen baglanyşykly syýasatyň ýokdugy sebäpli durli konfliktler peýda bolýar.”

Edurad Politaýew Orsýetiň, Tajigistanyň Rogun GES-i baradaky kararyna Özbegistanyň reaksiýasyny muňa mysal edip getirdi. Bu ýagdaýda Merkezi Aziýa ýurtlary nähili pozisiýany eýelemeli?

Syýasaty öwreniji Satbaýewiň pikirine görä, Merkezi Aziýa ýurtlary beýleki döwletleriň elindäki oýunjagy bolmaly däl. “Olar bu konkurensiýadan peýdalanyp, öz pozisiýalaryny güýçlendirmäge çalyşmaly. Onsoňam diňe çig mal eksport edýän ýurt bolup galman, ýurda köpräk inwestisiýa çekip, ykdysady durmuşyny aktiwleşdirip, bäsdeşlige laýyk bolmaly”.

Käbir synçylar bolsa köp wektorly syýasat ýöretmek bilen Orsýet ýaly uly döwletler bilen hem gowy aragatnaşygy saklap bolar diýen pikiri öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG