Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: “Orsýet bilen NATO ýakyndan işleşmeli”


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň pikiriçe, atom ýaraglarynyň ýaýramagy we terrorizm ýaly köp ýurtlara abanýan howplaryň öňüni almakda Orsýet bilen NATO-nyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk bolmaly.

Duşenbe güni agşam Waşingtonda eden çykyşynda Klinton Moskwanyň Ýewropa howpsuzlygy baradaky täze şertnama ugrunda edýän tagallalaryny ret edip, Orsýetiň NATO ýakynlaşmagyny teklip etdi.

“Men açyk aýdýaryn: Orsýet öz howpsuzlygy barada kynçylyklar bilen ýuzbe-ýüz bolýan bolsa, bu kynçylyklaryň arasynda NATO ýok. Biz hyzmatdaşlykly NATO-Orsýet gatnaşygynyň anyk netijeler berip, NATO bilen Orsýeti biri-birine ýakynlaşdyrmak isleýäris” diýip .

NATO gündogara tarap giňäp, Baltika we Balkan ýurtlaryny öz içine aljak bolanynda, Orsýet onuň bu hereketine gaty şübheli garapdy. NATO-nyň Gürjüstan we Ukrainany agzalyga almak baradaky planyna hem Moskwa garşy çykypdy. Birleşen Ştatlaryň raketadan goranyş sistemasynyň bir böleginiň Rumyniýada ýerleşdirilmegi baradaky täze plan hem Orsýetiň gaharyny getirýär.

Düýnki çykyşynda muny hanym Klinton-da agzady: “Atom ýaraglarynyň ýaýramagynyň öňüni almakda Orsýet möhüm partnýor bolup durýar. Raketadan goranyş sistemasynda hem ol şeýle bolmaly. Biz hem Ýewropada hem-de Orsýetde ilaty gorar ýaly raketadan goranyş sistemasyny döretmekde Orsýeti hem NATO goşulmaga çagyrýarys.”

Klinton Birleşen Ştatlaryň ünsüni häzir Eýran, Owganystan, Yrak we hatda Hytaýda bolýan wakalar özüne çekse-de, onuň Ýewropanyň howpsuzlygyny goramak barada öz üstüne alan borçlarynyň üstünde berk duranlygyny nygtady.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary 28 agza ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan täze howplaryny şöhlelendirer ýaly NATO-ny hem öz ugur alýan doktrinasynyň strategik düşünjesi barada täzeden oýlanmaklyga çagyrdy.

“Uzak wagtlap dowam edýän göreşde üstünlik gazanmak ýeke esgerleriň köpdügine ýa oňat enjamly bolmaklyga bagly däl. Täze şertlere uýgunlaşmak-da gerek.” diýip, hanym Klinton aýtdy.
XS
SM
MD
LG