Sepleriň elýeterliligi

Kubada syýasy tussag Orlando Sapata Tamaýo 85 günüň dowamynda çeken açlygynyň netijesinde 23-nji fewralda aradan çykdy.

Oppozisiýa wekili bolan Orlando Sapata Tamaýo Kubadaky türmäniň şertleriniň gowulandyrylmagyny talap edip, üç aý çemesi mundan öň açlyk yglan etdi.

Kubada resmi taýdan hasaba alynmadyk, emma ýurtda hereket edýän Adam hukuklary boýunça komissiýa 42 ýaşly syýasy tussagyň açlyk yglan etmek bilen Kuba adasynda ýerleşýän türmelerdäki ýaramaz şertlere garşy protest bildirendigini aýtdy. Bu toparyň direktory Elizardo Sançes soňky 40 ýylyň dowamynda ilkinji gezek Kubanyň oppozisiýa wekiliniň açlyk çekmek zerarly heläk bolandygyny aýtdy.

Onuň ölümine kim jogapkär?

Tussaglykda saklanylýan dissidentleriň dogan-garyndaşlaryndan ybarat “Ak geýnen zenanlar” atly hereketiň agzasy Laura Pollan Orlando Sapata Tamaýonyň ölüminiň jogapkärçiliginiň häkimiýetleriň boýnundadygyny aýdýar.

“Ol adam öldürmedi. Ol hiç bir zady ogurlamady. Ol hiç kimi zorlamady. Ol Kubanyň geljeginiň ýagty bolmagyny isleýän ak ýürekli ýaş adamdy, adam hukuklarynyň goragçysydy. Ol Kuba ýagşylyk isleýänleriň biridi. Emma häkimiýetler müňa düşünmediler” diýip, Sapata Tamaýo aýdýar.

Kubalylaryň köp ýaşaýan ýeri bolan ABŞ-nyň Florida ştatyndan saýlanan senator Bill Nelson “Sapata Tamaýonyň ölümi ynsan ömrüniň gymmatyny gaçyryýan diktatorlygyň nämä alyp barýandygyny ýene bir gezek ýatlatdy” diýip, bu barada ýaýradan ýörite beýanatynda belledi.

Wyždan ýesiri

Türmede açlykdan heläk bolan Orlando Sapata Tamaýo Kubada ady belli dissidentleriň hataryna girmeýärdi. Ol 2003-nji ýylda kommunistik hökümete görkezen garşylygy bilen bagly özüne ýüklenen jenaýatlar üçin azyndan 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Adam hukuklary boýunça halkara “Amnesty International” guramasy Sapata Tamaýony Kubadaky wyždan ýesirleriniň 58-siniň hataryna goşupdy.

Kubada hereket edýän Adam hukuklary boýunça komissiýanyň güwä geçmegine görä, Kubada häzirki wagtda 200-e golaý syýasy tussag bar. Emma her halda bu sanyň Fidel Kastro wezipesinden çekilip, hökümet başyna onuň dogany Raul Kastro gelensoň, takmynan 30% azalandygy aýdylýar.

Kubanyň häkimiýetleri wyždan ýesirlerini “ABŞ-a duýgudaşlyk bildirýän hakynatutmalar” diýlip atlandyrýarlar.

Amerikanyň Maýami şatatynda çäp edilýän “El Nuewo Herald” gazeti açlyk yglan edip, Kubada mundan öň heläk bolan syýasy tussagyň şahyr hem studentleriň lideri Pedro Luis Boiteliň bolandygyny ýazdy. Bu maglumatda şahyryň 1972-nji ýylda Kubanyň türmesinde aradan çykandygy aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG