Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýäniň yslamçylyga esaslanýan häkimiýet başyndaky partiýasy häzirki we öňki harby ýolbaşçylardan 50-den gowragyny tutmak arkaly ýurduň kemalistleri bilen darkaşygy güýçlendirdi.

Onlarça ýyllaryň dowamynda harbylar Mustafa Kemal tarapyndan düýbi tutulan respublikanyň dünýewi düzgüniniň sakçysy hasaplanyp geldiler. Türkiýäniň ilkinji prezidenti tutuş ýurtda “Atatürk” diýlip tanalýar. Onuň yzyna eýerýänlere hem “Kemalistler” diýilýär.

22-nji fewralda ýokary derejeli 21 generalyň tutulmagy kemalistik düzgüne urlan agyr urgy hasaplanylýar. Türk metbugatynyň çaklamagyna görä, bularyň tutulmagy Ergenekon agzalarynyň häkimýet başyndaky "Adalat we Galkynyş partiýasynyň" garşysyna gönükdirilen harby döwlet agdarylyşygy baradaky plany bilen baglanyşykly.

Türkiýede bu tutha-tutluga yslamçylyga esaslanýan "Adalat we Galkynyş partiýasynyň" Türk Respublikasyny täzeden definirlemek baradaky göçümi diýip garalýar.

“Hürriýet Daily News” gazetiniň habarçysy Özgür Ögritiň aýtmagyna görä, munuň yzynyň nämä ýazjakdygy, näme bilen soňlanjakdygy belli däl.

“Bu Türkiýede ozal bir ýörelen ýol däl. Öten aýdan bäri metbugatda her gün: ‘ilkinji gezek Türkiýede, ilkinji gezek respublikanyň taryhynda, ilkinji gezek bu general görkezme bermäge geldi, ol general tutuldy ýa harbylaryň bir gizlin otagy barlandy’ diýen şol bir sözlemlere gözüň düşýär” diýip, Ögrit aýdýar.

Türkiýedäki uly bölünişik

Mediada we syýasy töwereklerde "Adalat we Galkynyş partiýasynyň-da" kemalistleriň-de tarapdarlary ýeterlik bolansoň, 2007-nji ýylda başlanan Ergenekon derňewi Türkiýäniň içinde uly bölünişik döredip gelýär.

Bu bölünişigiň däp boýunça türk döwletiniň üç sütüni hasaplanylýan goşun, sud häkimiýetleri we býurokratiýa ornaşmagy hem güýç synanyşygynyň yzynyň nirä barjagyny öňünden aýtmaga mümkinçilik berenok.

Sud häkimiýetleriniň içinde “Ergenekon derňewini dowam etdirmeli” diýýänler bilen oňa dünýewi garşydaşlaryny jezalandyrmak üçin "Adalat we Galkynyş partiýasynyň" elindäki syýasy gural hökmünde garaýanlaryň arasynda gazaply göreş gitdi. Indi hem 50-den gowrak harby ýolbaşçynyň tutulmagy bu jenjeli uzaga çekdirjege meňzeýär.

“Munuň iş ýüzünde bir getiren ýeri ýok. Ýöne indi bu tutha-tutluk bilen ol ýene mediada möhüm habar bolup galýar. Adamlar: ‘Ergenekon topary döwlet agdarylyşygyny planlaşdyran bolsa, bu derňewe näme üçin žurnalistler, alymlar, ýazyjylar getirilýär? Döwlet agdarylyşygyny amala aşyrjak esgerler nirede?’ diýip soraýarlar. Bu sorag örän adalatly sorag. Eger dinçi hökümet indi ýokary derejeli generallary yzarlaýan bolsa, onda bu işiň manysy gaçýar” diýip, Ögrit aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG