Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň uçary Eýranda mejbury gonduryldy


Şu gün Gyrgyzstanyň häkimiýetleri bu ýurduň bir ýolagçy uçarynyň hakykatdanam Eýranda mejbury gondurylyp, ondaky iki sany ýolagçynyň tussag edilendigini tassykladylar.

Düýn, hepdäniň sişenbe güni Eýranyň häkimiýetleri Dubaýdan Gyrgyzstana uçup barýan uçardan iki sany sünni söweşijisiniň duşurilip, tussag edilendigi barada maglumat ýaýradypdylar.

Şol maglumatda tussag edilenlerden biriniň «Jundallah» atly ekstremistik sünni toparynyň lideri Abdulmälik Rigidigi aýdyldy. Emma ikinji şahsyýetiň kimdigi barada welin, maglumat berilmedi.

Şu gün Gyrgyzstanyň «Aba-Žoldoru» atly milli howa kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Talaýbek Turumbekow bu maglumaty tassyklap, hakykatdanam Dubaýdan Gyrgyzstana uçup barýan bu uçaryň düýn Eýranyň Bender-Abbas şäherinde gondurylandygyny we iki ýolagçynyň tussag astyna alnandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG