Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Nowruz baýramçylygyny Halkara Güni hökmünde ykrar etdi


Düýn giçlik Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasy ilkinji gezek gündogar ýurtlaryň Nowruz baýramçylygyny Halkara Güni hökmünde ykrar etdi.

Balkan ýurtlaryndan başlap, Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna çenli dünýäniň 300 milliondan hem gowrak ilaty tarapyndan bellenilýän bu baýramçylyk iň bir gadymy baýramçylyklardan biri hasaplanylýar.

Köp halklarda bu Nowruz baýramçylygy täze ýylyň gelmegini alamatlandyrýar.

Nowruz baýramçylygyny Halkara Güni hökmünde ykrar etmek baradaky teklip BMG-niň Baş Assambleýasyna Azerbaýjan tarapyndan hödürlenildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy 2010-njy ýylda bu baýramçylygy 23 we 24-nji martda bellemekligi karar etdi.
XS
SM
MD
LG