Sepleriň elýeterliligi

Türkmen futbolçylary AFK-niň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda


Aziýanyň futbol boýunça Konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynda şu gün Türkmenistanyň ýygyndy komandasy Täjigistanyň komandasyny 2-0 hasap bilen utup, ýaryşyň finalyna çykdy.

Bu duşuşykdan öň türkmenistanly futbolçylar Koreýa Halk Demokratik respublikasynyň futbolçylary bilen 1-1 hasap bilen deňme-deň oýnadylar. Soňra Türkmenistanyň ýygyndy komandasy Hindistanyň we Gyrgyzstanyň ýygyndy komandalaryny 1-0 hasap bilen utdy.

Şu gün Aziýanyň futbol boýunça Konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky bu ýaryşyň ýarym finalynda Koreýa Halk Demokratik respublikasynyň ýygyndy komandasy Birmanyň ýygyndy komandasyny 3-0 hasap bilen utdy.

Indi demirgazyk koreýaly futbolçylar finalda türkmenistanly futbolçylar bilen birinji ýer ugrunda bäsleşerler.
XS
SM
MD
LG