Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-de bilim boýunça nähili mümkinçilikler bar?


22-nji fewralda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça kabul eden strategiýasy we bu ugurda alnyp barylýan işler barada taýýarlanan ýörite hasabat Brýusselde halk köpçüligine hödürlenildi.

Brýussel mundan 18 aý öň kabul edilen bu strategiýanyň çäklerinde Merkezi Aziýada öz täsirini artdyrmak üçin dürli ugurlardan çemeleşdi, olardan biri hem bilim pudagydyr. Eýsem, bu ugurda nähili işler amala aşyryldy, şeýle-de Brýussel Merkezi Aziýanyň ýaşlaryna bilim boýunça nähili mümkinçilikleri hödürleýär?

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir Ýewropanyň Merkezi Aziýa boýunça bilim pudagy bilen bagly alyp barýan işleri hakda ýörite hasabat taýýarlan britaniýaly alym we Southampton Uniwersitetiniň professory Peter Jones bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň bilim pudagy bilen bagly ünsüňizi özüne çeken aýratyn bir mesele boldumy, beýleki soraglara geçmezden ozal, ilki bu barada dolurak maglumat beräýseňiz?

Peter Jones
Peter Jones:
Ýewropalynyň gözi bilen garasaň, Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň bilim sektory gaty çylşyrymly pudak. Merkezi Aziýada ilatyň demografiýasy, olaryň ýaşaýyş şertleri, bir ýerden beýleki regionlara yzygiderli göçmegi, şeýle-de infrastrukturanyň ýeterlik bolmazlygy ýaly meseleler kynçylyklaryň esasy sebäpleridir.

Azatlyk Radiosy: Jenap Jones, regionda ýerleşýän bäş ýurduň her biriniň özboluşly problemalarynyň bolmagy mümkin, şeýle dälmi, bu barada Brýussel nähili syýasat alyp barýar?

Peter Jones: Eger Ýewropa Bileleşiginiň region boýunça alyp barýan programmalaryny göz öňünde tutup aýtsak, Brýussel ýokary okuw hem ýörite okuw programmalaryna köpräk üns berdi.

Regionyň ýokary okuw pudagy barada aýdylanda, Ýewropa Bileleşigi korrupsiýany aradan aýyrmak, bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw jaýlarynyň dolandyryş düzgünini ýokarlandyrmak barada tagalla etdi. Bu barada reforma islegli bolan merkezi aziýali liderler bilen işleşmäge synanyşdy. Umuman aýdylanda, Brýussel Gazagystanda we Gyrgyzystanda has aktiw iş alyp bardy.

Esasanam okuw programmalaryny reformalaşdyrmak we ýokary okuw pudagyny ösdürmek barada has köp alada edildi. Ýewropa Bileleşigi Täjigistanda hem bu ugurda käbir işleri amala aşyrdy. Umuman aýdylanda, Ýewropanyň, şeýle-de onuň ýokary okuw jaýlarynyň edýän tagallalary uzak möhletde öz täsirini görkezip başlar.

Azatlyk Radiosy: Siz Ýewropa Bileleşiginiň käbir ugurlar boýunça Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlara ýardam etmäge synanyşanlygyny aýtdyňyz, merkezi aziýaly ýolbaşçylar bu pudakda problemanyň bardygyny boýun alýarlarmy?


Peter Jones: 2007-nji ýylda Merkezı Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň strategiki aragatnaşygy barada gelnen ylalaşykda bilim pudagynyň hem munuň esasy bölegi boljakdygy hakda gürrüň edilýär. Bu barada gelnen ylalaşyk boýunça, elbetde, boýun alnan jogapkärçilikler bar. Merkezi Aziýali ýokary derejeli liderler tarapyndan şol ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryny döwrebaplaşdyrmakda Ýewropa Bileleşigi bilen işleşmek boýunça berlen wadalar bar.

Bu ugurda geçiren barlaglarymyň dowamynda men Merkezi Aziýa liderleri bilen Ýewropa wekilleriniň arasynda bu hakda yzygiderli duşuşyklaryň geçirilýänligine şaýat boldum. Meniň pikirimçe, bu ugurda işleşmäge iki tapadan hem isleg bar ýaly, emma bu barada takyk netijeler gazanmak üçin amala aşyrylýan işler gaty haýal bolmaga çemeli.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen bagly nähili işler alnyp barylýar? Bu ýurduň ýokary okuw sistemasy barada, umuman, gowy pikirler öňe sürülmeýär.


Peter Jones: Meniň pikirimçe, Türkmenistanda okuw programmalarynyň nähilidigi we neneňsi şertleri başdan geçirenligi hemmä mälim. Umuman aýdylanda, häkimiýet başyna täze geçen liderler bu ugurda käbir işleri amala aşyrmaga synanyşýan ýaly. Şeýle-de Aşgabat diňe Ýewropa Bileleşigi bilen däl, beýleki güýçler bilen hem öz aragatnaşygyny artdyrmaga çemeleşýär.

Men geçen ýyl Nýu Ýorkda geçirilen bir konferensiýa gatnaşdym, şoňa Türkmenistanyň bilim ministrliginden ýokary derejeli ýolbaşçylar hem gatnaşdylar. Olar Kolumbiýa Uniwersiteti bilen aragatnaşygy artdyrmaga gaty isleglidiklerini aýtdylar we Türkmenistanyň bilim pudagyny reformalaşdyrmak barada hyzmatdaşlyk edip boljak ugurlary tapmaga synanyşýanlygyny mälim etdiler.

Şeýle aladalar elbetde pozitiw we munuň dowam etdiriljekdigine umyt baglaýan. Ýewropa Bileleşiginiň nukdaýnazaryndan aýdylanda, men bu barada käbir Ýewropa wekilleri bilen gepleşikler geçirdim. Men olaryň Türkmenistan barada gaty seresaplydygyna şaýat boldum, olaryň, hususanam, uzak möhletleýin syýasy aragatnaşyklary ýola goýmaga we özara ynam döretmäge tagalla edýänliklerine göz ýetirdim.

Elbetde, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikde işleşýän ugry diňe bilim pudagy bilen çäklenenok. Bilim bu baradaky aladalaryň diňe bir bölegidir. Emma Türkmenistan bilen şeýle ugurlar boýunça gepleşikler aç-açanlykda amala aşyrylmaýar. Meniň çak edişime görä, Türkmenistan bilen bilim pudagy boýunça Brýusseliň arasynda alnyp barylýan bu aladalar ikitaraplaýyn gepleşiklerden ybaratdyr.

Bu 2007-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Merkezi Aziýa boýunça tassyklanan bilim inisiatiwasynyň bir bölegi, emma olar bu gepleşikleri ikiçäk esaslarda amala aşyrýan bolmaga çemeli.

Azatlyk Radiosy: Siziň aýdýanlaryňyzdan çen tutulsa, Ýewropanyň region boýunça, esasanam Türkmenistan barada alyp barýan işleriniň o diýen täsiriniň ýokdugyny aýtmaga esas ýokmy näme?

Peter Jones: Türkmenistan baradaky soragyňyza bir salymdan jogap bererin. Emma tutuş region boýunça aydylanda, 1991-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýada ençeme ýurt dürli ugurlar boýunça iş alyp barýar. Meselem, Bütindünýä Bankynyň maýa goýumlarynyň bir sektordan beýleki sektora gönükdirilmegi we hususy sektory aýaga galdyrmak boýunça bitiren işleri gaty täsirli boldy.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýanyň bilim pudagy boýunça göz öňünde tutýan öz maksady bar. Şeýle-de bu barada “Açyk Jemgyýet” instituty, Aga Han Fondy, Hytaý, Türkiýe, Ýaponiýa, Orsýet ýaly ençeme aktýorlar regionda iş alyp bardylar we olaryň her biriniň hem öz strategiýalary bar.

Şunlukda bu programmalaryň näderejede täsirli bolanlygyny aýtmak üçin nähili ölçeg bolmaly – munuň özi bir sorag bolup durýar. Emma, umuman aydylanda, Ýewrokomissiýanyň “Tempus” atly programmasy regionda ýokary okuw pudagyny reformalaşdyrmaga ýardam etmek üçin şeýle uzak wagtlap iş alyp baran ýeke-täk proýektdir.

Bu programma regionyň bilim pudagyna özboluşly täsirini ýetirdi. Meselem, Gyrgyzystanyň okuw programmasyny reformalaşdyrmaga goşan goşandyny ýatlap bolar.

Täsir barada gürrüň edilende, bu uzak möhletde özüni bildirjek zat. Şeýle-de Ýewropanyň “Tempus” atly programmasy öz işini hiç haçan togtadanok, elbetde, Gyrgyzystan bu programma biraz gijräk goşuldy.

Ýokary okuw pudagyny reformalaşdyrmak bilen meşgullanýan bu programma gaty ynamly proýekt bolup, bu programma bilen iş çalyşan ýurtlar ondan gowy peýdalandylar. Netijede beýleki ýurtlar ýa edaralar Merkezi Aziýada öz alyp barýan ugurlary boýunça uly rol oýnan hem bolsalar, Ýokary okuw barada aýdylanda, Ýewropa özüniň has aktiw iş alyp baranlygyny çaklap biler.

Emma Türkmenistan barada aýdylanda, bu pudagy reformalaşdyrmak barada Ýewropanyň boýun alan borjy bilen bagly mesele, meniň pikirimçe, açyk sorag bolmaly. Sebäbi biz Türkmenistanyň aşa köp ýerasty baylyklaryna eýe ýurtdugyny ýatdan çykaryp bilmeris. Onsoň Türkmenistan barada alnyp barylýan syýasat hem köp ugurlydyr. Şonuň üçin bilim Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan baradaky daşary syýasatynyň diňe bir bölegidir.

Azatlyk Radiosy: Jenap Jones, hökümetler arasyndaky ylalaşyklardan başga, merkezi aziýaly studentleriň Ýewropanyň ýokary okuw jaýlaryndan peýdalanmak boýunça nähili mümkinçilikleri bar?

Peter Jones: 2007-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň çäginde kabul edilen bilim inisiatiwasynyň maksatlaryndan biri hem merkezi aziýali, şol sanda Türkmen studentlerine, Ýewropanyň bilim pudagynyň hödürleýän programmalaryndan peýdalanmaga mümkinçilik döretmekden ybaratdy.

Ýewropanyň bu ugurda hödürleýän mümkinçilikleri barada www.study-info.eu atly websaýtda doly maglumat berilýär. Şol sahypada Ýewropa Bileleşiginiň proýektleri barada maglumat berilýär. Olaryň arasynda Erasmus Mundes programmasy-da bar, ol regionyň studentlerine has köp degişli bolan proýektlerden biridir.

Şeýle-de Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň hödürleýän stipendiýalary barada hem şol websaýtda maglumat tapmak mümkin. Bu programmanyň doly ady “Study in Europe” inisiatiwasydyr. O inisiatiwanyň çäginde hödürlenýän maliýe mümkinçilikleri, uniwersitetler we region bilen hyzmatdaşlyk edýän bilim inistitutlary, alyş-çalyş mümkinçilikleri hem stipendiýalar barada doly maglumat berýär.

Aýtjak bolýan zadym, merkezi aziýali studentleriň peýdalanmagy üçin, elbetde, dürli mümkinçilikler bar. Erasmus Mundes programmasy barada aýdylanda, bu proýektden 2013-njy ýyla çenli peýdalanylyp bilner. Bu programma merkezi aziýaly studentleriň we barlaglar geçirýän alymlaryň Ýewropanyň ýokary okuw jaýlaryna gelmegine mümkinçilik döredýär.

Mälim bolşuna görä, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň bilim pudagyny goldamak boýunça olaryň her birine her ýyl iki million ýewro töweregi ýardam edýär.

Diýmek, Ýewropanyň ýokary okuwlaryndan we olaryň hödürleýän mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ýeterlik serişde bar.
XS
SM
MD
LG