Sepleriň elýeterliligi

24-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Milli muzeýiniň direktory, Magtymguly adyndaky Halkara baýraklaryny bermek baradaky döwlet komitetiniň başlygy Öwez Mämmetnurow Gurbanguly Berdimuhammedowa Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek barada teklip bilen çykyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş eden döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri Türkmenistanda medeniýeti, döredijiligi ösdürmäge döredýän şertleri üçin ýurduň prezidentiniň adyna öwgüli sözleri aýtdylar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda döredijilik işgärleriniň adresine tankydy sözleri aýtdy. Hususan-da ol döredijilik işgärleriniň döwrüň talabyndan yza galýandyklaryny, ýurduň žurnalistikasynyň, suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň bellenilen talaplara ýetip bilmeýändiklerini aýtdy.

Tankydy bellikleri aýtmak bilen, ýurduň prezidenti döredijilik işgärleriniň durmuş hakykatyndan ugur alyp, many-mazmuna baý eserleri döredip, türkmen halkyny ruhlandyrmalydygyny belledi we edebi tankydyň hem ösdürilmegine ünsi çekdi.

Şeýle hem Türklmenistanyň prezidenti ähli etraplardaky obalarda, şäherçelerde sazçylyk mekdeplerini, oba kitaphanalaryny, medeniýet öýlerini täzeden dikeldip, ol ýerlerde internet ulgamyny ýola goýmaklyk baradaky karara gol çekýändigini mälim etdi.

Döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli konwerwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewany döwlet sylagy bilen sylaglady. 80 ýaşynyň dolmagy hem-de ýurduň medeniýetini ösdürmäge goşan goşandy üçin Medeniýet Şahberdiýewa «Türkmenistanyň III derejeli Altyn asyr ordeni» gowşuryldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG