Sepleriň elýeterliligi

Adam mydama gowy zady arzuwlap, gowy zada garaşýar. Ýaman döwürdenem, ýaman adamlardanam, ýaman ýagdaýdan-da ýagşylygy umyt edýär. Ençe wagtlap arzuw-umyt bilen garaşylan zat hem «hiç zat» diýlen ýaly bolýar welin, adamlar atdan ýykylan ýaly bolýar.

Türkmenistanyň prezidentiniň 24-nji fewralda döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygy hem «hiç zat» boldy diýip aýdyp bolar.

Adamlar bu duşuşyga iki aýlap, uly arzuw-umytlar bilen garaşdylar. Gowy-gowy zatlaryň boljakdygy hakda bolsady ekdiler. Ýöne iň soňunda hiç zadam bolmady.

Şeýle duşuşyklaryň boljakdygy hakdaky gürrüňler, duşuşyklara, uly ýygnaklara umyt bilen garaşmak, iň soňundan hem «hiç zada» tomaşa etmek hem paşmadyk umytlar sebäpli gamgyn halda gezmek Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekillerine-de, halkyna-da, umuman, ähli kärdäki işgärlere-de prezident Nyýazowyň döwründe-de endik bolupdy.

Çykyş eden adamlar 2010 - njy ýylyň 24-nji fewralyndaky bolan duşuşygy—Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň döredijilik işgärleri bilen duşuşmagyny «Taryhy waka» diýip atlandyran bolsalar-da, bu duşuşyk bilen 2008-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda bolan - döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyň arasynda hiç hili tapawut bolmady. Öňki duşuşykda-da, bu duşuşykda-da şol bir boş sözler bilen gowy sungat hem edebiýat eserlerini döretmegiň gerekdigi hakda gürrüň edildi.

Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa öz çykyşynda: «Galkynyşlar zamanasynyň başlananyna üç ýyl geçdi. Köşk ýaly teatrlar bar. Şeýle-de bolsa, hiç hili gowy sahna eseri döremedi» diýip aýtdy. Prezidentiň «Şasenem-Garyp» operasyna baranda «Gowy sahna oýny bolsa, men mydama görmäge geljek» diýen sözlerini ýatlamak bilen, Maýa Kulyýewa hiç bir teatrda gowy oýnuň ýokdugyny nygtap geçdi.

Gowy oýunlar, gowy edebi eserler erkin döredijilige ýol açylanda döreýär. Döredijiligi hem dörediji adamy gysymda gysyp saklamak düzgüni barka, Türkmenistanda gowy eser döremez.

Gowy eser nirede dörär?


Ýazyjy ýa-da dramaturg häkimiýetleriň «Ony ýazmak bolanok, muny ýazmak bolanok» diýen görkezmesi bilen, elbetde, ömrüni ötürmez. Zehini häkimiýetleriň syýasaty jylawlap bilmez. Ýazyjy-da, dramaturg-da, kinoçy-da gowy eserini ýazar, ýöne ol halka ýetmez. Sandykda ýatar. Gowy döwür gelende ol eserleriň bagty açylar. Gowy eserler häzir Türkmenistanyň bir adamyň göwnüni tapmak üçin çap edilýän metbugatynda-da, bir adama ýaranmak ugruna gönükdirilen teatrlarynda-da peýda bolmaz.

Prezident Nyýazowyň döwründe Türkmenistanda edebiýat hem sungat doly ýok edildi. Has dogrusy, edebiýat hem, sungat hem bir adamyň göwnüni tapmak döredijiligine öwrüldi, ol häzirem şol maksada gulluk edýär. Bu ýagdaýy döredýänlerem bilýär, döredijilige päsgel berýänlerem.

Döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň duşuşygynda Medeniýet ministri Gulmyrat Myradow 2010-njy ýylyň Garaşsyzlyk baýramçylygyny gowy medeni çäreler, aýdym-sazlar bilen geçirjekdigini aýtdy. Çeper höwesjeňlere salgylanaýmasaň, sungatda gürrüň edere başga zadam galmady.

Näme üçin medeniýet ministri döredilen bir ajaýyp sahna eseriniň, ýa-da kino eseriniň, ýa-da çap edilen kitabyň adyny agzap bilenok? Sebäbi ol zatlar häzirki Türkmenistanda ýok. «Ony ýazmaly däl, muny ýazmaly däl» syýasatynyň aşagynda hiç hili eser döremeýär.

Öňki duşuşykda-da bolupdy, bu duşuşykda-da boldy

Kitaphanalar döretmek, gowy kinolar döretmek, kitaphanalarda kitaplaryň ýoklugy, gowy kinolaryň düşürilmänligi hakdaky şol bir gürrüňler 2008-nji ýylda döredijilik işgärleri bilen bolan duşuşykda-da bolupdy, bu duşuşykda-da boldy.

Erkin döredijilige, azat metbugata ýol berilmeýän Türkmenistanda ýagdaý şu gidişine gitjek bolsa, hiç wagtam gowy kino-da döremez, sahna eserem ýazylmaz, kitaphanalar bolsa kitapdan dolmaz. Boş-boş sözler bilen bolsady ekildi. Bolany şol.

Döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen prezidentiň 2010-njy ýylyň 24-nji fewralyndaky duşuşygy hiç zat boldy. Ondan döredijilik işgärlerine-de hiç zat ýok, halka-da. Eýýäm ýigrimi ýyl bäri erkin döretmäge ýol berilmän, ýürekleri öldürilen, diňe çaga eklärlik pul üçin döwrüň syýasatyna görä galam ýöredip ýören döredijilik işgärleri özlerine «hiç zat» beren ýygnagy goldap, betbagt halda häli-şindi el çarpdy oturdylar.

«Durmuş hakykatyny dogry beýan etmeli» diýip, ýazyjylara aýdyldy. Dogry aýdylan söz. Ýazyjy durmuş hakykatyny dogry beýan edip biler. Meselem: halka berilmän, boş duran jaýlary, öý tapman, kireýine ýaşap ýören ýaş çatynjalary, işsiz halky, neşekeşleri, daşary ýurtlara iş gözläp çykan türkmenleri, ýumrulan kinostudiýany, keselini bejertmäge pul tapman ýören näsaglary…

Galkynyş döwründe tema kän. Hemmesem durmuş hakykaty. Edebiýatyň özi durmuş hakykaty. Edebiýat ýasama ýazylan eseri derrew taşlaýar. Edebiýat - durmuşy şol durşuna göçürip almak.

Serdar Gulgeldiýew türkmenistanly synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG