Sepleriň elýeterliligi

Her ýylyň fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda halkara futbol ýaryşy geçirilýär. Bu halkara futbol ýaryşy ýurduň ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň inisiatiwasy bilen döredilipdi.

Ýaryşyň düýp maksady Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň doglan güni bolan 19-njy fewral gününi has-da dabaralandyrmakdan ybaratdy. Futbol ýaryşynyň finaly hut 19-njy fewralda geçirilip, şol gün ol has-da aýratyn dabara eýe bolýardy. Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagy bilen, Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda halkara futbol ýaryşy indi 19-njy fewraldan soň bat aldyrylýar.

Ilkinji gezek 1995-nji ýylda geçirilen bu ýaryşa daşary ýurtlardan abraýly futbol klublary çagyrylypdy. Halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda türkmen futbol janköýerleri stadionlary höwes bilen doldurýardylar.

1997-nji ýylda «Köpetdag» stadionynyň rekonstruksiýa edilip, täzeden ulanylmaga berilmegi bilen, janköýerleriň arasynda bu ýaryşa bolan höwes has-da artdy. Täze stadion, daşary ýurt futbol klublary türkmen janköýerlerini gaty begendirýärdi.

Bu halkara ýaryşynyň ýyl geldigiçe abraýy artyp başlady. Sebäbi ol döwürde paýtagtyň «Köpetdag» hem-de «Nisa» komandalary güýçli düzümde çykyş edýärdiler we halkara ýaryşyna gelýän daşary ýurt komandalary bilen deň derejede oýnap, olardan üstün çykmagy başarýardylar.

Boris Şyhmyradowyň wezipesinden gitmegi bilen Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda halkara futbol ýaryşynyň-da abraýy pese gaçdy. Özem bu ýaryş ýyl geçdigiçe pes derejä ýetdi. Ýaryşa daşary ýurduň iň bir gowşak komandalary gelip başlady. Abraýly hasaplanýan komandalaram bu ýaryşa özüniň ikinji düzümini ýollaýardylar. Abraýy gaçan ýaryşa tomaşaçylar hem barmasyny goýdular. Ýöne ýaryşy gurnaýjylar boş stadiony doldurmagyň derrew aňsat usulyny oýlap tapdylar. Olaryň görkezmeleri bilen futbol ýaryşlaryna talyplar, okuwçylar, bilim ulgamynyň işgärleri zorluk bilen sürlüp başlandy.

Oýun babatda pes derejä düşen bu ýaryşda soňabaka şeýle bir prinsip döräp başlady. Prezidentiň kubogy hökman Türkmenistanda galmaly! Şu prinsip hem her gezekki ýaryşda biabraýçylygyň üstünden getirip başlady. Ýaryşa gözegçilik edýän sudýalar daşary ýurtly komandanyň utulmagy üçin ýerli komandanyň peýdasyna eminlik edýärler. Meýdançada göz-görtele edenini edýän emine daşary ýurduň futbolçylary nägileligini bildirip, galmagal edýän pursatlaryna her ýylda gabat gelinýär.

Şu gezegem gaýtalandy

Ine, şu gezekki Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky XVI halkara futbol ýaryşynda-da şeýle waka gaýtalandy. Ahal welaýatynyň Abadan şäherindäki «Ahal» stadionynda Türkmenistanyň kubogynyň eýesi «Altyn asyr» komandasy bilen Türkiýäniň klublarynyň ýygyndy topary duşuşdy. Turuwbaşdan oýnuň depginini öz ellerine alan türkler ilki bolup hasaby açdylar. Emma «Altyn asyr» komandasynyň oýunçylary uzaga çekdirmän, türkiýeli garşydaşlarynyň derwezesinden iki pökgini geçirmegi başardylar.

Türkiýäniň klublarynyň ýygyndy toparynyň tälimçileri bu geçirilen pökgülere hem-de meýdançadaky sudýanyň eminligine dergazap bolup, nägileliklerini bildirdiler. Öz nägileliklerine üns berilmänsoň, tälimçiler ätiýaçlyk oturgyjyndaky ähli oýunçylaryny alyp, meýdançany terk edip gitdiler.

Oýnuň birinji ýarymy tamamlanyp, arakesmeden soň, meýdançany terk eden türkiýeliler ýene-de yzlaryna gaýdyp geldiler. Ýöne barybir, oýnuň soňy «Altyn asyr» komandasynyň peýdasyna tamamlandy.

Türk gardaşlar meýdança gaýdyp gelmek bilen beýik hereket edendiklerini aýdýarlar. Ýöne futbol ýaryşyny gurnaýjylar üstünlik gazanmak üçin pes hereket edendiklerine düşündilermikä? Bu sowala jogap bermek hemmeler üçin kyn. Ýöne islendik ýaryşlarda halal ýeňiji bolmak üçin ilki bilen türkmen futbolunyň ösmegine ýardam edilmelidigini welin futbol janköýerleri nagt aýdýarlar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG