Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Eýrana berilmeli ýaraglary gijikdirýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Eýrana berilmeli howadan goranyş raketalarynyň gijikdirilmeginiň regional dartgynlyk bilen ilteşiginiň bardygyny aýtdy.

Orsýet Eýrana S-300 kysymly raketalary satmak barada kontrakta 2007-nji ýylda gol goýupdy.

Şol enjamlar Eýrana berlen ýagdaýynda, onuň Tähranyň goranyş ukybyny hasam artdyrjakdygy aýdylýar.

Lawrow çarşenbe güni eden çykyşynda, Orsýetiň haýsydyr bir regionyň durnuksuzlaşmagyna sebäp boljak ädimi hiç haçan etmänligini belläp, Moskwanyň daşary ýurtlara iberýän ähli ýaraglarynyň bu prinsipden ugur alýanlygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG