Sepleriň elýeterliligi

Klinton: “Eýrana garşy sanksiýalar boýunça ösüş bar”


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Hillary Klinton çarşenbe güni Senatyň agzalarynyň öňünde eden çykyşynda, Eýrana garşy täze sanksiýalary girizmek barada ösüşiň bolanlygyny aýtdy.

Klinton Eýranyň öz ýadro programmasy boýunça alyp barýan işlerini aç-açanlykda amala aşyrmakdan boýun gaçyrmagynyň bu ýurda täze sanksiýalar girizmek boýunça Hytaýy Waşingtonuň garaýyşyna has ýakynlaşdyranlygyny aýtdy.

Klinton ABŞ-nyň bu ugurdaky diplomatik strategiýasynyň üstünlikli bolanlygyny we BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň geljek bir ýa-da iki aýyň dowamynda Eýrana garşy täze sanksiýalardan ybarat rezolýusiýany tassyklamagyna-da garaşýanlygyny aýtdy.

Klinton çykyşynda Eýrandan özüni uzaklaşdyrmagy üçin Waşingtonuň Siriýa garşy basyşyny artdyrýanlygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG