Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň syýasy we harby ýolbaşçylary duşuşýarlar


Hökümet resmileriniň aýtmagyna görä, Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül bilen premýer-ministr Rejep Taýyp Ärdogan penşenbe güni bu ýurduň harbylarynyň ýolbaşçysy bilen duşuşar.

Liderler häzirki döwürde häkimiýeti dolandyrýan we düýbi yslamçylyga esaslanýanlygy aýdylýan hökümeti agdarmak barada 2003-nji ýylda bolandygy öňe sürülýän dildüwşük bilen bagly ýüze çykan dartgynlyk hakda pikir alyşarlar.

Bu ýygnak Türkiýäniň prezidenti Abdyla Gülüň inisiýatiwasy boýunça geçirilýär.

Bu duşuşuk ady agzalýan dartgynlylyk boýunça goşunyň öňki we häzirki döwürde wezipe başynda bolan ençeme ýokary derejeli ofiserleriniň tussag edilmeginden soňra harbylaryň bildiren reaksiýasynyň yzýanyna gabat gelýär.

Mälim bolşuna görä, Türkiýäniň aşa güýçli goşunynyň 50 töweregi ýokary derejeli harby ýolbaşçylary howpsuzlyk güýçleri tarapyndan duşenbe güni saklanypdy.
XS
SM
MD
LG