Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiçiň prezidentlige kasam edişlik dabarasy geçirildi


Şu gün Ukrainanyň täze saýlanan prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň prezidentlige kasam edişlik dabarasy geçirildi.

Bu inagurasiýa dabarasy wagtynda eden çykyşynda Wiktor Ýanukowiç Ýewropa bilen ozalky SSSR-iň aralygynda ýerleşýän Ukrainanyň Orsýet, Ýewropa Bileleşigi, Amerikanyň Birleşen Ştatlary we köpsanly beýleki döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk saklap, ýurda maksimum bähbit getirjek daşary syýasat alyp barjakdygyny nygtady.

Daşary ýurtly döwlet we hökümet resmileriniň hatarynda şu gün bu inagurasiýa dabarasyna Türkmenistandan wise-premýer Derýageldi Orazow hem gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG