Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň hökümeti Ermenistana duýduryş berýär


Şu gün Azerbaýjanyň hökümeti Ermenistanyň Daglyk-Garabagdan öz goşunlaryny çykarmadyk halatynda, häzirki dartgynlaşýan ýagdaýlaryň gutulgusyz ýagdaýda uly harby konflikte alyp barjakdygyny aýdyp, beýanat ýaýratdy.

Hususan-da, Azerbaýjanyň goranmak ministri Safar Abiýew şu gün bu barada eden beýanatynda Daglyk-Garabag meselesi boýunça 15 ýyl dowam eden diplomatik gepleşikleriň hiç hili anyk netijelere getirmändigini aýdyp, Azerbaýjanyň ýene 15 ýyl garaşyp bilmejekdigini nygtady.

Soňky wagtlar Daglyk-Garabag regiony bilen baglanyşykly Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky ýagdaýlaryň has hem dartgynlaşýandygy göze ilýär.
XS
SM
MD
LG