Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti Nil Mellon Buşy kabul etdi


Düýn prezident Berdimuhamedow Birleşen Ştatlaryň ozalky prezidentiniň dogany, Tehas ştatynyň «South Oil» atly nebit kompaniýasynyň başlygy Nil Mellon Buşy kabul etdi.

Nil Mellon Buş Birleşen Ştatlaryň ozalky prezidenti Jorj Buşuň süýtdeş doganydyr.

Düýnki duşuşykda Nil Mellon Buş öz kakasy, ýaşuly Buşuň hat üsti bilen gönderen ýüzlenmesini prezident Berdimuhamedowa gowşurdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň perspektiwalary barada pikir alyşdylar. Aýratynam, ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyklar aýratyn üns merkezinde boldy – diýip, «Türkmenistan Altyn asyr» internet saýty habar berýär.
XS
SM
MD
LG