Sepleriň elýeterliligi

Pragada kommunizmiň jenaýatlary maslahatlaşylýar


24-nji fewralda, Pragada “Kommunizmiň jenaýatlary” atly konferensiýa öz işine başlady.

Konferesiýanyň maksady kommunizmiň galdyran zyýanly mirasyna garamak, adam hukuklaryny basgylanlary jogapkärçilige çekmegiň ýollaryny agtarmak, şeýle hem häzirki kommunistik režimler barada pikir alyşmak.

Bu üç günlük maslahata hökümet işgärleri, intellektuallar we öňki dissidentler gatnaşaýarlar. Bularyň aglabasy gündogar we merkezi Ýewropadan.

Çeh senatynyň wise-prezidenti Ýiri Liska bu konferensiýany açanda, kommunistik geçmişiň doly gözden geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady: “Bu kommunistik totalitarçylykdan pida çeken millionlarça adamyň öňünde biziň wezipämiz, jogapkärçiligimiz we borjumyz. Ýeke bu hem däl. Ol erkin hem demokratik geljegimizi we geçmişimizi saklamak üçin hem borjumyz”.

Liska kommunistik geçmiş bilen bolmalysy ýaly iş salşylmanlygy sebäpli kommunizmiň ýerini alan dolandyryşa hem adamlaryň doly ynam etmeýänligini belledi.

Merkezi we gündogar Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi öz kommunistik geçmişlerinden ýüz öwrüp, ony ýaramsyz diýip ykrar etdiler. Köpüsi hem kommunistik döwrüň öňki işgärlerini möhüm döwlet wezipelerine getirmezlik üçin ýörite kanun çykardylar. Mysal üçin, Polşada kommunistik döwürde eden jenaýatlary sebäpli häzir öňki ýokary derejeli kommunistleriň, şol sanda General Ýaruzelskiniň hem garşysyna sud prosesi barýar.

Ýöne hemme ýerde däl

Ýöne bular ýaly işler hemme ýerde bolanok. Bu işiň kyndygyny Liska-da boýun aldy: “Ýöne biz totalitarçylygyň jemgyýet we ahlagyň garşysyna bir jenaýatdygyny kabul etmeli. Ol ýöntemje kine-şikaýata ýa adalatyň gazananlaryna hem garşylyk görkezýär. Her niçik-de bolsa, içerden seredeniňde şeýle. Totalitarçylykdan ýaňy çykan ýurtda ýagdaý şeýle”.

Konferensiýanyň esasy gatnaşyjysy Harry Wu dünýäniň käbir ýerlerinde kommunizmiň entek geçmişe degişli däldigini aýtdy: “Kommunizm bir jenaýat. Bu gün bu barada gürläre siziň konferensiýaňyz bar. Bu bir gaty gowy zat. Ýöne Hytaýda işleri dolandyrýan kommunistler. Muny ýatdan çykarmaly däl”.

Harry Wu ömrüniň 20 ýyla golaýyny Hytaýda mejbury iş lagerinde geçirdi. 1979-njy ýylda boşadylandan soň, ol Birleşen Ştatlara gidip, Hytaýda adam hukuklarynyň bozulmagy barada iş alyp barýan Laogai Barlag Fonduny döretdi.

“Hytaý bilen ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etse-de, Günbatar onuň kommunistik režiminiň repressiw häsiýetini äsgermezlik etmeli däl” diýip, Harry Wu aýdýar.
XS
SM
MD
LG