Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

PKK-niň güman edilýän lideri Daniýada tussag edildi


Türkiýedäki Kürdistan Işçiler Partiýasynyň, ýagny PKK-niň lideri bolanlykda güman edilýän Hasan Adir atly bir adamy ýakynda Daniýanyň howpsuzlyk güýçleriniň tussag edenligi habar berilýär.

Daniýanyň adalat ministrliginiň resmisi Adir bilen beýleki iki adamyň 19-njy ýanwarda Germaniýadan Daniýa geçip barýarka ýolda tussag edilenligini aýtdy.

Türkiýäniň Adiriň ekstradisiýa edilmegini talap edenligini, emma onuň bu pikire garşy çykyp özüniň suda çekilmegini islänligi üçin 18-nji martda Adir bilen bagly sut diňlenşiginiň geçiriljekdigini daniýaly wekil nygtady.

Türkiýede garaşsyz Kürdistan döwletini gurmak maksady bilen PKK tarapyndan 1984-njy ýylda Ankara garşy başladylan konflikt netijesinde jemi 40 müň töweregi adamyň ölenligi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG