Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede dildüwşük bilen bagly saklanan iki adamy boşadyldy


Türkiýäniň ýarym resmi Anatoliýa habar agentliginiň maglumatyna görä, prokurorlar hökümeti agdarmak üçin gurnaldy diýilýän dildüwşük bilen bagly saklanan iki adamy boşatdy.

25-nji fewralda boşadylanlygy habar berlen şol adamlaryň Türkiýäniň howa we deňiz güýçleriniň öňki ýolbaşçylarydygy aýdylýar.

Bu baradaky karar Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül, premýer-ministr Rejep Taýyp Ärdogan we Türkiýäniň harbylarynyň ýolbaşçysy general Ilker Başbugyň arasynda bolan duşuşygyň yzýanyna gabat geldi.

Şol ýygnakdan soňra ýaýradylan beýanatda hökümeti agdarmak üçin edildi diýilýän şol dildüwşük bilen bagly meseläniň kanun esasynda çözülmelidigi nygtaldy.

2003-nji ýylda Ärdoganyň hökümetini agdarmak üçin edilendigi aýdylýan synanyşyk bilen bagly Türkiýäniň armiýasynyň onlarça ofiseri tussag edildi.
XS
SM
MD
LG