Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Eýrany jogapkärçilikli hereket etmäge çagyrdy


Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew ýadro programmasy bilen bagly dartgynlygy çözmek boýunça Eýranyň jogapkärçilikli we aç-açan hereket etmelidigini aýtdy.

Kremliň web sahypasynda çap edilen habarda, Medwedewiň bu pikirini fransiýaly “Paris-Match” atly žurnala beren interwýusynda öňe sürenligi aýdylýar.

Medwedew Eýranyň ýadro programmasynyň Halkara atom energiýasy agentligi ýaly halkara guramalaryň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmalydygyna we bu pudak bilen bagly işleriň gözegçilige açyk amala aşyrylmalydygyna özleriniň ýnanýanlygyny hem aýtdy.

Medwedew “men bu ýagdaýdan çykalga Eýranyň özüni jogapkärçilikli alyp barmagynda diýip pikir edýärin” diýip, ady agzalýan žurnala beren interwýusynda nygtady.

Medwedew sözüniň dowamynda “gynansak-da bu mesele bilen bagly ençeme mesele bar” diýdi.

Rus prezidentiniň bu çykyşy Eýran bilen bagly Moskwanyň sabyr käsesiniň dolup barýanlygy baradaky iň soňky yşaratdyr.
XS
SM
MD
LG