Sepleriň elýeterliligi

Waşington Eýranyň aýyplamasyny ret etdi


Ýurdunda ýerleşýän gozgalaňçy sünni topary goldaýanlygy baradaky Eýranyň aýyplamasyny Birleşen Ştatlary ret etdi.

Eýranyň Aňtaw gulluklary boýunça ministri Heýdar Moslehi Jundyla toparynyň ýolbaşçysy Abdulmalik Riginiň Eýranyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilmezden 24 sagat öň ABŞ-nyň harby bazasynda bolanlygyny öňe sürüpdi.

Moslehi Riginiň Birleşen Ştatlary tarapyndan berlen owgan pasportunyň bolanlygyny we mundan öň onuň käbir ýewropaly ýurtlara-da sapar edenligini aýdypdy.

Azatlyk Radiosynyň Pars gullugyna beren interwýusynda Döwlet departamentiniň metbugat wekili John Sulliwan eýranly ýolbaşçynyň bu aýyplamalaryny ýalanlap, onuň “bolgusyz” günälemelerden ybaratdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG