Sepleriň elýeterliligi

Eýranly ýolbaşçy oppozisiýanyň öz abraýyny ýitirenligini aýtdy


Eýranyň ýokary derejeli ruhany ýolbaşçysy oppozisiýanyň abraýyny, şeýle-de iýunda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijesini kabul etmän syýasata gatnaşmak hukuguny ýitirenligini aýtdy.

Saýlawlardan soňra emele gelen dartgynlyga belli adamlaryň köpçüligiň arzuwyny ret etmek isleginiň sebäp bolanlygyny Aýatula Hameneýiniň nygtanlygyny Eýranyň döwlet telekanaly habar berdi.

Hameneýi ruhanylardan ybarat bir toparyň öňünde eden çykyşynda, Eýran Yslam Respublikasynyň esasy kanunynda häsiýetlendirilişi ýaly dolandyryş düzgünini kabul edýän adamlaryň henizem bu sistemanyň bir bölegi hökmünde hasaplanjakdygyny belledi.
XS
SM
MD
LG