Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Intelligensiýa halkyň agysyna aglamaly


Türkmenistanyň prezidentiniň döredijilik intelligensiýasy bilen geçiren duşuşygy maňa-da ýiti täsir etdi. Aýratyn-da ol ýere çagyrylan adamlaryň açyk geplemezligi, hatda soralanda-da, öz teklibini aýtmazlygy gaty gynandyryjy ýagdaý.

Aslynda şeýle duşuşyklar Türkmenistanda köplenç mesele çözmek üçin däl-de, döredijilik wekillerini köşeşdirmek, bu ugurda iş edilýändigini görkezmek maksady bilin geçirilýär.

Sowet döwründe bolan şuňa meňzeş çäreleriň birini ýatlasym gelýär. 70-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda şol döwürdäki SSKP Merkezi Komiteti Dörediji ýaşlar hakynda bir karar kabul etdi. Sebäbi şol döwürde dörediji ýaşlar göze ilmeýärdi, olar örän passiw hem azlykdy. Ýaşlaryň işini janlandyrmak maksady bilen şol karar kabul edilipdi.

Şondan soň Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary Maýa Mollaýewa Aşgabatda dörediji ýaşlaryň topary bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykdan öň bizi Ýazyjylar guramasynyň şol wagtky başlygy Täşli Gurbanyň kabinetine çagyryp: “Maýa Mollaýewa bilen duşuşyk boljak. Ýöne Maýa Mollaýewanyň kabinetine barlanda, öz dert-aladalaryň barada ýeke agyzam aýtmaly däl” diýip, berk duýdurdylar.

Biz bolsa jaýsyzlykdan kösenýärdik hem kitaplarymyzy çykardyp bilmeýärdik. Emma “Merkezi Komitet jaý paýlaýan edara däl. Ol kitap hem neşir edenok. Şonuň üçin diňe döwlet ähmiýetli, nädeniňde ýurduň abraýyny göterip boljakdygy baradaky pikirleri aýdyň. Galan zady soň özümiz çözeris” diýip, öňünden berk tabşyrdylar.

Häzirki prezidentiň dörediji adamlar bilen maslahat geçirişem, belki, şonuň ýalydyr? Şol ýagdaýyň ýene gaýtalanan bolmagy mümkin. Duşuşykdan öň adamlara berk tabşyryk berlendir.

Ýöne düzgüni bozduk

Ýöne şol gezek Maýa Mollaýewa bilen bolan duşuşykda biz şertleşilen düzgüni bozduk. Ýaş şahyr Atamyrat Atabaýew, Gurbanýaz Daşgynow, Nobatguly Rejebow özleriniň jaýsyzdygyny aýtdylar.

Bu Merkezi Komitetiň sekretaryna ýaramady. “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaktory Kakaly Berdiýew: “Ýoldaş Maýa Mollaýewa, bulara jaý berjek bolsaň, Aşgabadyň tutuş ýarysyny beräýmeli. Bular gitsin öz obasyna. Dörediji ýaşlar oba ýerinde, durmuşyň jümmüşinde bolmaly” diýdi.

Nähilem bolsa, biziň, ýagny ýaşlaryň, sesi köplük boldy. Soňra ýönekeý bir görkezme bilen şol maslahata gatnaşan ýaşlaryň ählisi jaýly boldy. Olar Ýazyjylar birleşigine agzalyga-da alyndylar. Şonda biz, kommunistleriň serdary Karl Marksyň sözlerini ýatlapdyk. “Proletariatyň, ýagny ýoksul köpçüligiň, öz el-aýagyny baglaýan zynjyrdan başga ýitirmäge zady ýok”.

Prezidentiň, şol sanda prezidente golaý oturan ýokary derejeli resmileriň alnynda beýle kynçylyklar bolmansoň, olar nähili kynçylyklaryň bardygyny nireden bilsinler? Şonuň üçin, dörediji intelligensiýa diňe bir öz agyr ýagdaýyny däl, halk köpçüliginiň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini-de prezidente aýtmaly. Ony döredijilik intelligensiýasy aýtmasa, ýokardakylar nireden bilsin?

Dörediji intelligensiýanyň prezidentiň ýagdaýyna-da düşünmegi gerek diýip hasap edýän. Muhammet pygamberden şeýle hadys aýdylýar. Bir aç adama nan hödür edileninde, ol sypaýyçylyk üçin: “Sag boluň. Men dok” diýipdir. Şonda Pygamberimiz: “Siz iki ýalany bir ýerde getirmäň” diýipdir. Aç adam özüne hödür edilen nany iýmezlik bilen iki gezek ýalan gepleýär, hem-ä açlygyny ýaşyrýar hem-de nan iýesiniň gelmeýändigini aýdýar. Biziň dörediji intelligensiýamyzyň tutýan ýoly-da şoňa meňzeýär.

Hudaýberdi Hally Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG