Sepleriň elýeterliligi

Golaýda «Türkmenistanyň garaşsyz aklawçylar assosiasiýasy» hem-de «Ynsan hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy» topary Türkmenistanda tussaglaryň ýagdaýy barada ilkinji hasabaty çap etdi.

Hasabatda Türkmenistanyň türmeleri boýunça statistiki maglumatlar, türmeleriň sanawy, şertleri, şeýle-de tussaglaryn ykbalyndan mysallar getirilýär.

Hasabatyň esasy maksadynyň türkmen türmelerindäki ýagdaýlara türkmen häkimiýetleriniň, halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden ybaratdygyny awtorlaryň biri ”Ynsan hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Türkmenistanda 22 sany penitensiar edara bar. Şol sanda 12 sany dürli rejimdaki koloniýa, 6 sany derňew izolýatory bar.

Türkmenistanyň türmeleri we koloniýalary 8100 sany tussagy saklamaga niýetlenen we 2009-njy ýylyň 2-nji dekabryndaky günä geçişlige çenli olarda 26 müň 720 tussag saklanylypdyr.

2009-njy ýylyň 2-nji dekabryndaky amnistiýada 3934 tussag azatlyga çykany bilen türmelerde ýagdaýyň üýtgemändigi, tussaglaryň bolmalysyndandan 3-4 esse köpdügi täze hasabatda aýdylýar.

Akdaşdaky we Seýdiniň golaýyndaky türmeler

Önki Krasnowodsk, häzirki Türkmenbaşy şäherinden 25 km uzaklykdaky Akdaş diýen ýerde ýerleşen umumy režimdäki tussaglaryň saklanylýan ýörüte № 4-nji koloniýasy 500 tussaga niýetlenen bolup, häzirki günde şol koloniýada 1732 tussag saklanylýar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, türmedäki tussaglaryň ýaşaýyş şertleriniň agyrdygyndan tussaglaryň ölüm prosenti hem ýokarydyr. Soňky iki ýylyň dowamynda şol koloniýada 13 tussag ölupdir.

Şeýle-de bu koloniýadaky tussaglara ýeterlik iýmit berilmeýändigi sebapli tussaglar doýa garna doýmaýarlar. Berilýän naharyň hiliniň-de örän pesdigi aýdylýar. Bu koloniýa esasan organ işgärleri hem-de ýörite kontrolda saklanylmaly tussaglar getirilýar.

Türkmenistanyň ýene-de bir uly türmeleriniň biri Çärjewdäki Seýdi şäheriniň golaýyndaky türme. Ol 2700 tussaga niýetlenen, ýöne häzir bu ýerde 5700 tussag saklanylýar.

Bu türmede hem agyr klimat şertleri zerarly kesel tussaglaryň sanynyň köpdügi aýdylýar. Tussaglaryň sanynyň köpdügi zerarly keselliler bilen sag tussaglar bir kamerada saklanylýar.

Daşoguzdaky aýallar koloniýasy

Daşoguzdaky aýallar koloniýasy 700 tussaga niýetlenen bolsa-da, onda 2010 aýal saklanylýar. Tussaglaryň agramly bölegi, ýagny 80 %-te golaýy neşe söwdasy bilen baglanyşykly jenaýata baş goşan aýallardyr.

Bu türmaniň şertleri-de beýleki türmelerdäki şertlerden tapawutlanmaýar. Dört adama niýetlenen otagda 12-14 aýal saklanylýar. Türmede gyşyna sowuk, tomsuna-da yssy.

Koloniýadaki şertleriň sanitariýa-gigiýena talaplaryna, umuman, jogap bermeýändigi sebäpli aýallaryň arasynda ýokanç keselleriň giňden ýaýrandygy hasabatda aýdylýar.

Şuny hem belläp geçmeli – bu koloniýada tussag aýallar bilen kämillik ýaşyna ýetmedik 215 sany gyz saklanylýar.

Türkmen türmelerindäki agyr şertler barada türmede oturyp gelen zenan şeýle gürrün berdi: “Türmäniň şertleri agyr, naharlary hem iýer ýaly däl. Gurçuklar naharyň ýüzünde gaýyp ýör.”

Aşgabatdaky tussaglaryň wagtlaýyn saklanylýan derňew izolýatorynda oturan Sapar atly ýigit hem izolýatordaky şertler barada şeýle gürrün berdi: ”Yzyňdan biri birzat getirse, iýersiň, bolmasa ýok. Ajyňdan ölseňem, oturybermeli. Bit, büre alyp barýar. Klop diýýan zatlary adamy iýip barýar”.

Hasabatda aýdylmagyna göra, türmede aýallar üç smena işleýärler. Bu maglumaty türmede oturyp gelen zenan hem tassyklady. Onuň sözlerine görä, tussag aýallary daň atýança üç smena işledýärler.

Synçylaryň pikiri

Synçylar bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynda türmeleriň we türmelerde saklanylýan tussaglaryň ýaşaýyş şertleriniň bir-birinden köp tapawutlanmaýandygyny aýdýarlar.

Gyrgyzystanly Adam hukularyny goraýjy Saodat Abdubaýewanyň sözlerine görä, Gyrgyzystanda tussaglaryň öz närazyçylygyny açlyk yglan edip, ýa-da beýleki aksiýalary yglan edip, açyk bildirmegi mümkin. “Emma Türkmenistanda muňa ýol berilmeýär. Tussaglaryň hal-ýagdaýy barada, umuman, maglumat alyp bolmaýar.”

Abdubaýewa Gyrgyzystanda Adam hukuklaryny goraýjylaryň, halkara guramalaryň hem-de «Gyzyl ýarymaý” jemgyýetiniň wekilleriniň, hatda žurnalistleriň-de türmelere girip, tussaglar bilen duşuşyp bilýändiklerini, olaryň türmäniň işgarlerine hem-de tussaglara ir-iýmiş, geýim gejim, däri derman bilen kömek berýändiklerinii aýdýar.

Emma 2008-2009-njy ýyllarda türmede oturup çykan Rawşan Gapirowyň sözlerine görä, Gyrgyzystanyň türmesindäki şertler hem owerlik däl: “Dört tussag saklanylmaly kamerada 8-10 tussag saklanylýar. Tussaglary derňew izolýatorlarynda köp gynaýarlar. Soragy urup-ýençmekden başlaýarlar.”

Eýse, türmelerdäki şertleri gowulandyrmak üçin näme etmeli?

Abdubaýewanyň pikirine görä, türmelerdaki şertleri gowulandyrmak üçin, birinjiden, ýurtda söz azatlygyna ýol bermeli. Korrupsiýanyň, parahorlygyň öňüni almaly.

Ikinjiden, türmeler Adam hukuklaryny goraýjylar we halkara guramalaryň wekilleri üçin açyk bolmaly, şeýle-de ýurtdaky ähli penitensiar edaralar ýeterlik möçberde maliýe serişdeleri bilen üpjün edilmeli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG