Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň harbylaryna görkezilýän gysyş artdyryldy


Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül (ortada), premýer ministr Rejep Taýyp Ärdogan (çepde) we ýurduň harby ýolbaşçysy general Ilker Başbug Ankarada duşuşýar, 25-nji fewral, 2010-njy ýyl.

Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül (ortada), premýer ministr Rejep Taýyp Ärdogan (çepde) we ýurduň harby ýolbaşçysy general Ilker Başbug Ankarada duşuşýar, 25-nji fewral, 2010-njy ýyl.

25-nji fewralda ýokary derejeli sekiz harby ýolbaşçynyň garşysyna yslamçylyga esaslanýan hökümeti agdarmaga synanyşanlykda resmi taýdan günä bildirilmegi Türkiýäniň harbylaryna görkezilýän gysyşy artdyrdy.

Häzir döwlet ardarlyşygy baradaky plan bilen baglanyşykly garşysyna resmi taýdan günä bildirilen harbylayň sany 20 töweregi. Bularyň ikisi general, bäşisi admiral.

Harby ýolbaşçylaryň beýle gysyş astyna alynmagy, ozal bir analizçiniň belleýşi ýaly, ýurdy hökümet bilen ýaragly güýçleriň arasynda turmagy mümkin güýçli çaknyşyga tarap ýene bir ädim ilerletdi. Ol şol bir wagtyň özünde-de bu işleriň aňyrsynda näme zatlaryň ýatandygy baradaky soraglaryň gaýtadan orta atylmagyna getirdi.

Derňewçiler "Adalat we Galkynyş partiýasy" 2002-nji ýylda häkimiýet başyna geleli bäri ony agdarmak üçin düzülen ençeme planyň üstüni açandyklaryny aýdýarlar.

Üstümizdäki hepde 50 sany harby ýolbaşçynyň tutulmagyndan öň-de 400-den gowrak adam tutuldy. Bularyň arasynda generallar, alymlar, žurnalistler, ýazyjylar we adwokatlar-da bar. Gümürtik "Ergenekon topary" bilen baglanyşdyrylýan bu adamlaryň hemmesi-de dünýewi pikirli adamlar.

Türkiýäniň howpsuzlyk işleri boýunça spesialist Gareth Jenkinsiň pikriçe, "Ergenekon" ýaragly güýçleriň elinden güýji bikanun almak üçin bir tutaryk.

Ugur hanjak?

“Biziň iki ýyl bäri görýänimiz iki awtoritar güýçleriň arasynda häkimiýet ugrunda barýan göreş. Bu demokratlar bilen antidemokratlar arasyndaky göreş däl. Bular iki sany awtoritar güýç. "Adalat we Galkynyş partiýasy" barada hem görülýäni – onuň geçen iki ýyllykda barha awtoritarlaşanlygy” diýip, Jenkins aýdýar.

Stambul Uniwersitetinde syýasy bilimler boýunça spesialist Nuraý Merdiň garaşyça, ugur bir-partiýalylyga tarap barýar: “Bu hökümetiň ýörelgesiniň aňsatlyk bilen bir partiýaly sistema ýa-da awtoritarçylygyň şolar ýaly başga bir görnüşine ýazmagy mümkin. Munuň alamatlary bar. Bu hökümet we häkimiýet başyndaky partiýanyň syýasatçylary hiç bir tankydy kabul edip bilenok. Olar tankydy ýaman görüp, özlerine tankydy garaýanlary gysyş astyna alýarlar”.

Bir partiýalylyk pikirine tanymal türk artisti, oppozision "Respublikan halk partiýasynyň" ýolbaşçy agzasy Bedri Baýkam-da goşulýar: “Gynansak-da, jenap Ärdogan demokratiýanyň gowşak taraplaryndan peýdalanyp, demokratiýadan dynjak bolýar. Onuň barýan ugry ýeke bir partiýalylyga tarap däl. Ol sud häkimiýetlerini öz kontrollygyna almagy, oppozision metbugaty dymdyrmagy-da maksat edinýär. Bu bir gaty ýaramaz ýagdaý”.

Ýöne, käbir bitarap synçylaryň garaýşyça, häkimiýet başyndaky partiýa diktatorçylyk meýilleriniň ýöňkelmegi çişirip aýdylýan zatlar.

"Adalat we Galkynyş partiýasynyň" hökümetiniň awtoritarçylyga ýykgyn edýän mahallary ýok däl. Ýöne gurluş taýdan welin, ugur esasan demokratiýa tarap" diýip, Stambulyň Bahçeşehir Uniwersitetiniň professory Jengiz Aktar belleýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG