Sepleriň elýeterliligi

Kommunizm doly ýeňlişe uçradymy?


Litwanyň öňki prezidenti Witautas Landsbergis

Litwanyň öňki prezidenti Witautas Landsbergis

Kommunizmiň eden jenaýatlary we ony ýeňip geçmek barada häzire çenli çekilýän kynçylyklar hakda Litwanyň öňki prezidenti Witautas Landsbergis bilen Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy tarapyndan alyp baran Kleýr Bigg.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Öňki kommunistik ýurtlaryň aglabasynyň edişi ýaly, Litwa hem ozalky täsirli kommunistlere möhüm döwlet wezipesi berilmeli däl diýip, 1990-njy ýyllaryň başlarynda bir kanun çykardy. Litwanyň prezidenti hökmünde bu kanunyň düzülmeginde we durmuşa geçirilmeginde siz nähili rol oýnadyňyz?

Witautas Landsbergis: Men prezidentkäm reformalara ýaňy başlanypdy. Biz Çehoslowakiýadaky ýaly bir kanun ugrunda tagalla etdik. Görelde edinenimiz şol boldy. Ýöne muňa solçy ganat güýçli garşylyk görkezdi. Parlamentiň köp agzalary hem olara goşuldylar. Şeýdip, köplük bolup bu prosesi togtatdylar. Aslynda ol mahallary meniň wezipe başynda bolmagym hiç bir zady üýtgedenokdy. Parlamentar respublikany parlamentçilere para berip, köplük bolup manipulirläp-de bolýar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Para berenler kimler?

Witautas Landsbergis: Geçmişe degişli güýçler, öňki režim.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz kommunistik režim tarapyndan edilen jenaýatlar bilen nähili iş salyşmalydygy barada Litwada şindi-de doly ylalaşyk ýok diýjek bolýarmysyňyz?

Witautas Landsbergis: Kommunistik mirasly ýurtda doly ylalaşyk bolup bilmez. Düýpli bölünişik günde bar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: “Kommunistik döwrüň syýasatçylary, garalawçylary, gizlin gullugyň işgärleri bu gün nirede? Olar Litwanyň syýasy durmuşynda bir rol öýnaýarmy ýa-da çetleşdirildilermi?

Witautas Landsbergis: Biz olar barada birnäçe çäklendirme girizdik. Ýöne olara mundan sypara ýene-de mümkinçilikler ýok däl.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Bilşimiz ýaly, Ikinji jahan urşundan soň Germaniýada nasist ýolbaşçylar Nýurnbergde suda çekildiler. Öňki kommunistik ýurtlarda näme üçin şular ýaly sud prosesleri bolmaýar?

Witautas Landsbergis: Sebäbi kommunistik ýurtlarda kommunizm doly ýeňlişe uçranok. Olar aklanyp, geçmişiň lagnatyndan saplanmagy islänoklar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, şular ýaly sud prosesiniň Litwa ýa regionyň beýleki ýurtlarynda kommunistik mirasdan arany ymykly açmaga peýdasy degermi?

Witautas Landsbergis: Bu ýerde gürrüňi edilýän biz däl-de, adalat. Bir ýerde adalat bolmasa, adamlar adalata tutuşlygyna ynanmaýar. Olar demokratiýa we döwletiň alyp barýan syýasatyndan närazy bolýar. Sebäbi olar şol öňki adamlaryň häzirem häkimiýet başyndadygyny ýa-da olaryň täsirleriniň häzirem güýçlüdigini görýärler.
XS
SM
MD
LG