Sepleriň elýeterliligi

Kabuldaky hüjümde 16 adam heläk boldy


Şu gün Owganystanyň hökümet resmileri ýurduň paýtagty Kabulyň merkezinde ýaragly söweşijileriň guramaçylykly ýagdaýda amala aşyran hüjümlerinde 16 adamyň ölüp, 30-dan gowrak adamyň hem ýaralanandygyny habar berdiler.

Ölenleriň arasynda daşary ýurtlaryň hem raýatlarynyň bardygy habar berilýär.

Hindistanyň hökumeti Kabulda ölenleriň arasynda Hindistanyň 9 raýatynyň, şol sanda, hökümet resmileriniň hem bardygyny tassyklady.

Italiýa bilen Fransiýanyň hökümeti hem bu hüjümde öz ýurtlaryndan azyndan bir adamyň ölendigini mälim etdiler.

Kabulda amala aşyrylan bu günki uly ýitgili hüjümiň jogapkärçiligini talyp söweşijileri öz üstlerine alyp, beýanat ýaýratdylar.
XS
SM
MD
LG