Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muammar Kaddafi Şweýsariýa garşy jihad yglan etdi


Şu gün Birleşen Milletler guramasy we Ýewropa Bileleşigi Liwiýanyň prezidenti Muammar Kaddafiniň Şweýsariýa garşy jihad yglan etmek baradaky çagyryşyny ýazgaryp çykyş etdiler.

Düýn Muammar Kaddafi Şweýsariýanyň hökümetiniň ýakynda bu ýurtda yslam dinine degişli minaralaryň gurulmagyny gadagan edip, kabul eden düzgünini tankytlap, muňa garşy yslam döwletleriniň jihad yglan etmelidiklerini aýdyp, çykyş etdi.

2008-nji ýylda Muammar Kaddafiniň oglunyň we onuň aýalynyň Şweýsariýada gysga wagtlyk tussag astyna alynmagynyň yzy bilen, Liwiýanyň we Şweýsariýanyň gatnaşyklary belli bir derejede ýaramazlaşypdy.
XS
SM
MD
LG