Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyn etdi


Düýn prezident Berdimuhamedow Ahal welaýatyna eden iş saparynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň töwereginde gurulýan halkalaýyn awtomagistral barada tankydy bellikleri etdi.

Hususan-da, ol bu awtomagistralyň ugrundaky ýolagçy awtobuslaryň duralgalarynyň hem-de ýol gyralaryndaky demir germewleriň talaba laýyk gurulmandygyny belläp, kemçilikleriň gyssagly ýagdaýda düzedilmegi barada Türkmenistanyň awtomobil transport ministri Gurbanmyrat Hangulyýewe, «Türkmen-awto-ýollary» döwlet konserniniň başlygy Aşyr Sarybaýewe, şeýle hem Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine degişli görkezmeleri berdi – diýip, Türkmen Döwlet habarlar gullugy habar berýär.
XS
SM
MD
LG