Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Eýranyň bildiren aýyplamalaryny ret etdi


Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýakynda Eýranda tussag edilen sünni ekstremistik lideri Abdulmälik Rigä Birleşen Ştatlaryň goldaw berip gelendigi barada Eýranyň bildiren aýyplamalaryny ret etdi.

«Jundallah» atly sünni ekstremistik toparynyň lideri Abdulmälik Rigi şu hepdäniň duşenbe güni Eýranyň territoriýasynda ýolagçy uçaryndan düşürilip, tussag edilipdi.

Eýranyň aňtaýyş işleri boýunça ministri Heýdar Moslehi Abdulmälik Riginiň tussag edilmezinden dogry bir gün öň onuň Birleşen Ştatlaryň harby bazasynda bolandygyny aýdýar.

Ýöne Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Jon Salliwan şu gün Eýran tarapynyň bildiren bu aýyplamasyny «samahyllama» diýip atlandyryp, muny ret etdi.
XS
SM
MD
LG