Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ýene 18 adam tussag edildi


Şu gün Türkiýede häkimiýet agdarylyşygyny amala aşyrmak synanaşygynda güman bildirilip ýene 18 adam tussag edildi.

Ýurduň 13 şäherinde geçirilen reýdleriň dowamynda tussag edilen bu 18 adamdan 17-siniň harby bölümlerde işläp ýören ofiserlerdikleri we diňe biriniň otstawkadaky ofiserdigi aýdylýar.

Mundan öň hem şu hepdäniň dowamynda şeýle aýyplama bilen ýokary wezipeli harby ofiserlerden 50 töweregi tussag edilipdi. Şu günki güne çenli şol tussag edilenlerden jemi 31-sine ýurduň sudy resmi jenaýat aýyplamasyny bildirdi.
XS
SM
MD
LG