Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Görkezýän radio


Türkmen telewideniýesiniň işiniň pesligi hakda köp gürrüň edilýär. Diňe ýönekeý teletomaşaçylar däl, hatda prezidentiň özem telewideniýäniň işinden nägile. Eýse, türkmen telewideniýesiniň dowamly we düýpli kemçilikleri nämelerden ybarat?

Türkmen telewideniýesiniň işiniň professionallyk derejesi hakda çynlakaý gürrüň etmek kyn. Näme üçin? Geliň, ilki munuň tehniki sebäplerine üns bereliň. Belki-de, bu kemçiligi ýönekeý tymsal bilen aňladyp bolar. Şeýle bir degişme bar. Bir gezek bäşinji klasda okaýan oglan öz klasdaşyna: ”Bilýäňmi näme?” diýip, sorag berýär. Klasdaşam, elbetde, ”Ýok, bilemok” diýýär. – ”Bilmeseň, bilip goý, altynjy klasda okaýan agam ikimiz bir açyş etjek bolýas, eger şol başa baraýsa, telewizoryň işi gaýdýar” – ”O nähili açyş?” diýip, klasdaşy soran. – ”Agam ikimiz radiony görkezer ýaly etjek bolýas! Şony edip bilsek, telewizora seretjek bolmaz!”

Türkmen telewideniýesi görkezýän radio öwrüldi!

Göwnüme bolmasa, Türkmenistanda şol bäşinji klasly oglanjygyň arzuwy hasyl bolaýan ýaly. Garaşsyzlyk döwründe türkmen telewideniýesi hut görkezýän radio öwrüldi!

Eýse, telewizory açan adam ilki nämä üns berýär? Ol, elbetde, ilki näme diýilýänine däl-de, studiýanyň bezelişine, onuň dizaýnyna üns berýär. Gepleşikleriň manysyna köplenç gabat gelenok diýmeseň, umuman, türkmen telewideniýesiniň studiýalarynyň interýeriniň sowet döwründäkiden has baýdygy fakt. Bu meselede tomaşaçynyň gözüni eglemäge maddy, material mümkinçilikleriň ýeterlikdigi begendirýär.

Bezegden soň tomaşaçynyň gözüne dürtülýän zat, elbetde, gepleşigiň gurnalyşy, ýagny telerežissýoryň işi: gepleşige gatnaşýanlar nähili oturdylypdyr, olar özlerini nähili derejede arkaýyn hem oňaýly duýýalar? Soňra tomaşaçynyň özüni nähili duýjagy teleoperatorlaryň işine baglanýar. Teleopreatorlar hem režissýor professional derejede işleseler, tomaşaçy özüni ol gepleşigiň içinde ýaly duýýar.

Durmuşda adam töweregine gözlerini nähiliräk aýlaýan bolsa, telewizor görende-de, şonuň ýaly mümkinçiligi bolmaly. Ýagny, onuň nazary ýakyn hem daş obýektlerde gezegine gönügip bilmeli. Teletomaşaçynyň gözleri şol derejedäki tebigylygy, köpdürliligi isleýär, şoňa mätäç. Tomaşaçy berilýän gepleşigi telekameralaryň gözleri bilen görýär. Diýmek, telekameralaryň işi adam gözleriniň adaty durmuşdaky funksiýasyna maksimal golaýlaşdyrylmaly: ýakyn hem daş obýektler, has dogrusy iri, orta hem umumy plandaky görnüşler emaý bilen gezekleşip çalşyp durmaly.

Tomaşaçylaryň ýöriteleşen toparlaryna, ýa-da olaryň ýaş aýratynlyklaryna görä bu temp dürli hili bolup biler. Telekameranyň gözleriniň kimde, nämede we näçe eglenjegi gepleşigiň mazmuny, çykyş edýänleriň sözleriniň manysy we görkezilýän görnüşiň gepleşigiň barşyndaky ýeri, ähmiýeti bilen bagly. Bu zatlar telegepleşigiň senarisinde öňürti minutma-minut bellenilýär.

Teletomaşaçy telerežissýoryň gözi bilen görmeli


Telekameralary teleoperatorlar, olary-da pultda oturan telerežissýor dolandyrýar. Diýmek, teletomaşaçy ol ýa-da beýleki gepleşigi şolaryň gözleri bilen görmeli. Onsoň eger-de olar öz işlerini professional derejede ýerine ýetirip bilmeseler, gepleşik wizual taýdan garyp bolýar. Ekrandaky görnüşler gepleşigiň manysyna görä gezekleşip, aňrybaş tebigy ýagdaýda çalşyp dursa welin, gepleşigiň görnüşlerinden tomaşaçynyň gözleri ýadanok, oňa gepleşigiň ünsüni gepleşigiň manysynda jemlemäge gowy mümkinçilk döreýär.

Telerežissýoryňdyr teleoperatorlaryň işine gezek gelende, olaryň professional derejesiniň sowet döwründäkiden has pese gaçanlygy mese-mälim görnüp dur. Türkmen teletomaşaçylary häzirki wagtda islendik gepleşigi örän ýöwsel hem şowakör adamlaryň gözleri bilen synlamaga mejbur edilýär.

Telekameralar studiýada çykyş edýän, gepleşige gatnaşýan adamlaryň ýüzlerini, gözlerini iri planda görkezmekden öler ýaly gorkýarlar. Telerežissýorlar hem operatorlar gepleşik mahaly adam gözleriniň tebigy hereketiniň, isleginiň öňüne böwet bolup, tomaşaçylaryň boýnundan başdan-aýak emeli görüşi, emeli görnüşleri dakýarlar. Gepleşigiň manysyny tirmäge, ondan aňrybaş lezzet almaga kömek etmeli telekameralar, tersine, tomaşaçy bilen aradaky esasy päsgelçilige öwrülýärler. Netijede tomaşaçynyň gözleri ýasamalykdan ýadaýar.

Bu ugurda esasy kemçilik kameralaryň çykyş edýänleriň hem gepleşigiň manysyndan üzňeliginde, olaryň diňe umumy we orta planda işleýänliginde. Eýse, iri planda işlemek olara gadaganmyka?

Galyberse-de, türkmen telewideniýesiniň gepleşikleri wideogörnüşlere örän garyp, haýsy zat agzalsa-da, gürrüňi edilýän zatlar görkezilmän, bu hakda tomaşaça diňe tükeniksiz gurak gürrüň hödürlenilýär. Bu bolsa, türkmen telewideniýesiniň elinden hakyky telewideniýä mahsus bolan köptaraply hem baý mümkinçilkleri alyp, ony görkezýän radio öwürýär.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG