Sepleriň elýeterliligi

Türkiýedäki tussag edişlikler dowam edýär


Şu gün Türkiýede 2003-nji ýylda häkimiýet agdarylyşygyny amala aşyrmak synanşygynda günä bildirilip bildirilip, hormatly dynç alyşdaky ýene 2 harby general tussag edildi.

Bu gezek öň Türkiýanyň Birinji goşunyna ýolbaşçylyk eden general Çetin Dogan bilen ýörite güýçleriň öňki baştutany Engil Alanyň tussag edilendigi habar berilýär.

Düýn ýurduň 13 şäherinde geçirilen reýdleriň dowamynda 18 adamyň tussag edilendigi aýdylypdy.

Bu mesele bilen bagly 26-njy fewralda çykyş eden Türkiýanyň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan hiç kimiň kanundan ýokary bolup bilmejekdigini aýdyp, Türkiýänyň demokratiýasyna garşy hereket edenleriň hemmesiniň jogapkärçilige çekiljekdigini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG