Sepleriň elýeterliligi

AFK-niň kubogyny Demirgazyk Koreýa aldy


Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy 3-nji sapar geçirilýän Aziýanyň futbol Konfederasiýasynyň (AFK) «Çagyryş» kubogynyň finalynda Demirgazyk Koreýanyň ýygyndysyndan ýeňildi.

Aziýanyň futbol Konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda şu gün Türkmenistanyň ýygyndy komandasy Demirgazyk Koreýanyň komandasy bilen bäsleşdi.

Final oýnunyň 34-nji minudynda türkmen futbolçylary Demirgazyk Koreýanyň komandasynyň derwezesinden bir goly geçirip öňe saýlandylar. Emma 76-njy minutda Demirgazyk Koreýanyň futbolçylary hasaby deňlemegi başardylar. Netijede, final oýnunyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy.

Oýundan soňky 11 metrlik urgusyny demirgazyk koreýalylar has dürs ýerine ýetirmegi başardylar. Şeýlelikde olar 11 metrlik urgynyň netijesinde 5:4 hasabynda Türkmenistanyň ýygyndysyndan üstün çykyp, bu ýaryşyň ýeňijisi boldular hem-de 2011-nji ýylda Katarda geçjek Aziýanyň Kubogynyň final ýaryşynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Demirgazyk Koreýanyň ýygyndysynyň esasy düzüminiň dünýä çempionatyna taýýarlyk görýändigi üçin, AFK-niň «Çagyryş» kubogynyň finalynda ikinji düzümde çykyş edip, ýeňiş gazanandygyny aýratyn bellemelidiris.

Şri-Lankanyň paýtagty Kolomboda geçirilen AFK-niň «Çagyryş» kubogynyň ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndysy «B» toparda Hindistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Demirgazyk Koreýanyň ýygyndylary bilen bir hatarda çykyş etdi.

Topardaky oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndysy Hindistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy komandalaryny 1-0 hasabynda utup, Demirgazyk Koreýanyň ýygyndysy bilen bolsa 1:1 hasabynda deň oýnapdy.

Ýarym finalda türkmen futbolçylary ozal şu ýaryşyň ilkinji ýeňijisi bolan Täjigistanyň ýygyndy toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykmagy başarypdy.
XS
SM
MD
LG