Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maslahatda aýdylmadyk pikirler ýa-da dilsizleriň dünýäsi


Karikaturany çeken Mihail Zlatkowski.
Karikaturany çeken Mihail Zlatkowski.

Ýurtda köppartiýalylyk düzgünini girizmek baradaky çykyşyndan soň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň medeniýetini we sungatyny dikeltmek, oňa täze öwüşgin bermek üçin döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda uly maslahat geçirdi.

Maslahat guraksy geçdi. Ýene-de problemalar barada hiç zat aýdylmady. Ýaşy togsana ýeteňkirlän ussat aýdymçymyz, SSSR-iň halk artiskasy, Türkmenistanyň gahrymany Maýa Kulyýewa bir zatlaryň ýetmezçiligini aýtjak bolup synanyşdy. Belkem, ol degerli zatlar hakynda gürländirem, ýöne onuň çykyşynyň köp ýerleriniň kesilip, montaž edilendigi mese-mälim görnüp durdy.

Münbere hudožnikler birleşiginiň başlygy Babasary Annamyradow gelýär. Ol prezidente hudožniklere işlemäge mümkinçilik döredip berenine minnetdarlyk sözüni aýdyp durka, birdenem maslahatda ony diňläp oturanlaryň keşbi peýda bolýar. Şol oturanlaryň arasynda uly plan bilen Babasary Annamyradowyň beýleki adamlar bilen öz çykyşyny diňläp oturany görkezilýär. Belki, bu biziň türkmen telewideniýämiziň “tanymal”, “ussat” işgärleriniň iň “döwrebap hem professional“ tapyndysydyr?

Anyk iş barada söz açylmady


Çykyş edýänleriň hemmesi prezidente alkyş aýdyp, anyk iş barada birjik-de söz açmadylar. Olar bir-birinden beter owadan gürlejek bolýardylar. Käte, artyk bir zat aýdaýmaýyn diýip, säginip-säginip gürleýärdiler.

Gurbangly Berdimuhamedow sözi Türkmenistanyň Medeniýet we Tele-radio gepleşikler boýunça ministri Gulmyrat Myradowa berýär. Eger-de prezident onuň eýeleýän wezipesini aýtmadyk bolsady, onda oňa ýa häkim ýa-da gurluşyk ministri diýip pikir edäýmelidi. Sebäbi ol öz çykyşynda ýolbaşçylyk edýän pudagynyň meselelerini gürrüň etmän, eýsem Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşyklar hakynda söhbet edýär.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow ölmeziniň öň ýanyndaky ýyllarda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylyk funksiýasyny giňeldip, oňa metbugaty, telewideniýäni, radiony, kino önümçiligini birleşdiripdi. Uly bir läheň güýje öwrülen bu pudaga bolsa gazet çäklerinde tehniki işgäri bolup işlän adamyň ýolbaşçy bolup oturmagy, elbetde, gözgyny ýagdaýdy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň öňki çäklerinde işlän döwürleri ýadyma düşýär. Oňa belli bir döwürlerde ýazyjy Gylyç Kulyýew, şahyr Gara Seyitliýew, dramaturg Aşyr Mämiliýew ýaly tanymal, öz kärleriniň ussady bolup işlän adamlar ýolbaşçylyk eden bolsa, türkmen radio-telewideniýesine uzak ýyllaryň dowamynda tanymal žurnalist Çary Annagurbanow ýolbaşçylyk edipdi. Bu adamlaryň ady uly ýaşly adamlaryň häzirki günem ýatlaryndan çykmaýar.

Dogrusy, ýürekler maslahatda aýdylmadyk pikirlerden doly. Oňa gatnaşyp bilmesem-de, menem öz çykyşymy gaýybana şeýle beýan etmegi makul bildim. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ýagdaýy hakynda gürrüň etmeli bolsak, onda ony aç-açan etmelidiris. Eger-de biz, bu duran meselä şeýle ýapyşsak, onda ony çözmäge mümkinçiligimiz bolar.

Medeniýet ministrligi üýtgedilmeli

Ilki bilen Türkmenistanyň medeniýetini we sungatyny galdyrmak üçin Medeniýet ministrligine degişli edilen telewideniýäni we radiony, metbugaty hem-de kino önümçiligini onuň hataryndan aýryp, olary aýratyn pudaklara öwürmeli. Medeniýet ministriniň bir orunbasaryny ýörite teatr sungatyna jogap berýän işgär hökmünde bellemeli. Teatrlaryň özlerine repertuarlary saýlap almak funksiýalary berilmeli. Sebäbi olaryň özleri tomaşaçylaryň nähili temalardan, eserlerden spektakllary isleýändiklerini saýgaryp bilmeli. Biz diňe türkmen dramaturglarynyň eserleri diýip durman, eýsem günbatar we gündogar edebiýatyna hem ýüzlenmeli. Olar ýaly tejribeler biziň teatrlarymyzda öňden bäri bar. Şekspiriň, Molýeriň, Şilleriň, Tagoryň, Gogolyň, Platonowyň we başga-da birnäçe awtorlaryň nusgalyk drama eserleri türkmen teatrynyň sahnasynda görkezilip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanypdy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministri wezipesine dünýäniň sungatyna we medeniýetine düşünýän gujurly-gaýratly, sungat işgärleri bilen gepleşip bilýän abraýly adamy bellemeli. Ol hem bu pudagyň professional taýdan işlemegine goşant goşar.

Türkmen Tele-radio ministrligini döredip, oňa täzeçe işläp bilýän kadry başlyk bellemeli. Telewideniýede döredilen 5-nji kanalda diňe 24 sagatlap pes derejeli aýdym şekillerini gaýtalap durman, eýsem ol kanaly “Türkmen sungaty” diýip atlandyryp, onda aýdym-sazdan başga, türkmeniň kino taryhynyň hazynasyna öwrülen filmleri yzygiderli görkezmeli.

Kino we teatr işgärleri bilen söhbetdeşlik diňe studiýalarda däl, eýsem iş meýdançalarynda taýýarlanmaly. Opera teatrynda geçirilýän taýýarlyk pursatlaryny suratlandyrmaly.

Türkmen kino sungatyny dikeltmek üçin döwlet tarapyndan maliýe goldawy berilmeli. Dünýä derejesinde kinofilmleri döretmek üçin täze kinostudiýa gurmaly we ony ýokary derejeli kino enjamlary bilen üpjün etmeli. Kino işgärlerine döredijilik erkinligini bermeli. Diňe şeýle çemeleşilende täze, halkyň söýgüsini gazanjak filmler dörär.

Mundan başga-da, ykdysady kanunlardan ugur alyp, bäsleşigi kino sungatynda hem girizmeli. Şonuň üçin döwlet banklary uzak möhletleýin pul karzlaryny bermeli, ol hem täze ownuk hususy kino önümçilik birleşikleriniň döremegine getirer we türkmen kino sungatynyň ösmegine uly goşanat bolar.

“Metbugat ministrligi”

Metbugaty özbaşdak ministrlige öwürmeli. Oňa professional ýazyjy-şahyrlar ýolbaşçylyk etmeli. Nusgawy edebiýatyň wekilleri bilen birlikde XX asyrda yz galdyryp giden ýazyjy-şahyrlaryň eserler ýygyndysyny taýýarlamaly we ony häzirki zaman okyjylaryna hödürlemeli. Bu eserler ýaş edebi işgärler üçin nusgalyk kitaplar bolar hem-de olar gowy nusgalardan ugur alyp, täze döwrebap eserleri dörederler. Diňe gadymy döwürleň däl-de, eýsem biziň zamanymyzň ýazyjy-şahyrlarynyň ýubileýlerini we belli günlerini döwlet derejesinde belläp geçmeli. Şeýle çäreler adamlarda medeniýete we sungata bolan gatnaşygy üýtgeder.

Edebiýat we metbugat, elbetde, ähli döredijilik pudagynyň sakasy bolup durýar. Gowy çeper eserleriň, oçerkleriň, makalalaryň döremegi üçin söz we pikir azatlygy gerek. Hökümet bu pudagyň ösmegi üçin ýagdaýy, iň bolmanda öňki döwürdäki derejä getirmek üçin uly işleri geçirmeli.

Häzirki döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, galam tutýanlaryň hemmesi diýen ýaly ýazylyp gutarylan edebi-çeper eserlerini stollarynyň çekerlerinde ençeme ýyllar bäri saklap gelýärler. Syýasy temadan bolmasa-da, gazet-žurnallar ol eserleri çap etmeýärler. Ol hem ilkinji prezident S.Nyýazowyň goýup giden totalitar sistemasynyň netijesi. Ýörjen-ýorjen edip, ýöremäni öwrenýän çaga ýaly, biziň metbugatymyz hem ýöremäge başlamaly. Oňa goldawy bolsa döwlet bermeli.

Türkmen taryhyna syýasy baha bermeli

Umumy döredijilik pudagyna itergi bermek üçin türkmen hökümeti biziň taryhymyzyň XIX we XX asyryna syýasy baha bermeli. Şonuň üçin alymlardan, sungat we medeniýet işgärlerinden düzülen konferensiýa ýa-da simpozium çagyryp, milletimiziň iki asyrlyk taryhyna nokat goýmaly. Biz öz milletimiziň başyna düşen hupbata duýgudaşlyk görkezmek üçin şol döwürleriň wakalaryny seljermeli. XIX asyryň aýagynda türkmen topragyny Rus imperiýasynyň basyp alyp, ony gol astyna geçirmegi, XX asyryň 1917-nji ýylynda Rusiýada bolan buržuaz-demokratik rewolýusiýa tarapyndan gurlan hökümetiň bolşewikler tarapyndan döwlet agdarylyşygynyň netijesinde basylyp alynmagy, Türkmenistanda garaşsyzlyk ugrunda göreşen şahsyýetlerden Eziz hanyň, Jüneýit hanyň we ähli basmaçylyk diýlip ruslar tarapyndan atlandyrylan herekete gatnaşan türkmen gerçekleriniň ykballaryna öz garaýşymyzy açyk mälim etmeli.

Mundan başga-da 1924-nji ýylda Türkmenistan Respublikasynyň döredilmegi we onuň administratiw bütewiligini jemlemekde uly rol oýnan şahslaryň biri bolan Gaýgysyz Atabaýewiň we onuň egindeşleriniň Watanyň öňünde bitiren hyzmatlaryna mynasyp baha berip, 1930-1940-njy ýyllar aralygynda türkmen topragynada stalinizmiň repressiýasynyň salan ýaralaryna öz ýürek nalyşymyzy bildirmeli. Stalinizme türkmen jemgyýetinde orun ýoklugyny anyk aýtmalydyrys hem-de soňraky durgunlyk ýyllarynyň türkmen iline ýetiren täsirlerini açyk bellemelidiris. Ine, şu meselelere türkmen hökümeti, döredijilik işgerleri we ähli intelligensiýa wekilleri bilelikde öz garaýyşlaryny görkezmeli. Diňe şondan soň medeniýet we sungat pudagynyň işgärleri ilhalar mynasyp eserleri dörederler. Bu hem biziň döwletimize abraý getirer.

Şu ýerde pikirlerimi jemläp durkam, bir habar geldi. Ony hem aýtman geçmek bolmaz. Öňümizdäki aýda türkmenleriň tanymal şahyry Gurbannazar Ezizowyň 70 ýaşy dolýar. Şu mynasybetli Aşgabadyň Aman Kekilow adyndaky mugallymlar mekdebi Ezizowyň ýubileýine bagyşlap Puşkin adyndaky teatrda poeziýa agşamyny geçirmegi maksat edinip, onuň çakylyk hatynam taýýarlapdyr. Emma Türkmenistanyň Medeniýet ministri Gulmyrat Myradow ol çäräni geçirmegi gadagan edipdir. Şeýle etmek bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň öňündäki abraýyny ýere gaçyrýar. Ýöne okuwçylaryň bagtyna Aşgabatdaky ýörite zehinli çagalaryň mekdebi bu çäräniň mynasyp geçirilmegi üçin oňa öz jaýlaryndan orun beripdir. Çäräni gurnanlara bolsa berekella diýäýmek galýar.

Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG