Sepleriň elýeterliligi

Çilidäki ýer titremeden örän köp adam ejir çekdi


Çilide bolan güýçli ýer titremeden 2 million töweregi adam ejir çekdi.

Žurnalistleriň öňünde çykyş eden Çiliniň prezidenti Mişel Baçelet halky köşeşmäge çagyrdy.

“Men hemmeleri rahatlanmaga çagyrýaryn. Ýer titrme - bu tebigy hadysa. Biz adamlary rahatlanmaga hem çydamlylyga çagyrýarys. Halas ediş işleriniň eýýäm başlanandygyna sizi ynandyrýaryn” diýip, Baçelet aýtdy.

Resmi maglumatlara görä, 300 gowrak adam heläk bolupdyr.

Bir ýarym million töwregi jaý, köpri, ýollar weýran boldy. Paýtagt Santýago, uly şäher Konsepsion, şeýle-de ýurduň beýleki merkezi etraplary uly zyýan çekdi.

Betbagtçylygyň doly möçberi heniz anyklanmady. Eýýäm ABŞ-dan, Ýewrobileleşikden kömek bermek barada teklipler edildi. Ýöne Çiliniň prezidenti häzirlikçe öz güýçleriniň ýeterlikdigini aýtdy.

Güýji 8,8 balla deň ýer titreme şenbe güni boldy. Onuň episentri Ýuwaş okeanda, Çiliniň kenaryndan 100 kilomatr daşlykda. Şondan soň 6,5 bala çenli sarsgynlar ençeme gezek gaýtalandy.

Çilidäki ýer titremäniň okeanda döreden tolkunlary Ýaponiýanyň kenarlaryna-da ýetdi. Belentligi 90 santimetrlik tolkunlar hasaba alyndy.

Jebir çekenler hem weýrançylyklar barysynda maglumat ýok. Kenar ýakasyndan 70 müň gowrak adam göçürildi. Has uly tolkunlaryň gelmek howpy saklanýar.

Kamçatkanyň günorta-gündogarynda 80 santimetrlik tolkunlar hasaba alyndy.

Ýaponiýada hem Uzak Gündogarda deňiz tupanynyň alamatlary ýok. Awstraliýada hem Gawaý adalarynda suwuň derejesi ýokarlandy.
XS
SM
MD
LG