Sepleriň elýeterliligi

Päkistanyň demirgazyk-günbatarynda komendant sagady girizildi


Päkistan häkimiýetleri ýurduň demirgazyk-günbatar regionynda komendant sagadyny girizdi.

Bärsinden 7 adamyň ölümine, 38 adamyň ýaralanmagyna getiren çaknyşykdan hem atyşykdan soň şeýle karara gelindi.

Ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, bidüzgünçilikler şenbe güni Paharpur şäherinde başlanypdyr. Ol ýere Muhammet pygamberiň doglan gününi bellemek üçin ýüzlerçe sünni zyýaratçylary ýygnanypdyr.

Sünni akymyna degşili dürli toparlaryň arasynda çaknyşyk bolupdyr, bu seýrek bolýan ýagdaýdyr.
XS
SM
MD
LG