Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda parlament saýlawlary geçdi


Täjigistanda şu gün parlament saýlawlary geçdi diýlip, yglan edildi.

Ýerli wagt bilen günortan birde saýlawçylaryň 51 prosent gowragynyň ses berendigini Merkezi saýlaw komissiýasy habar berdi.

Saýlawlara ýurtda resmi registrasiýa edilen ýedi syýasy partiýa gatnaşýar. Prezident Emomaly Rahmanyň ýolbaşçylyk edýän Halk –demokratik partiýasyndan 62 kandidat gatnaşýar, şu partiýanyň ýeňiji bolmagynyň mükindigi çak edilýär.

Oppozision Yslam täzeden döreýiş partiýasy saýlawlaryň gidişinde düzgün bozmalaryň bolandygyny öňe sürýär. Partiýanyň lideri Muhiddin Kabiriniň sözlerine görä, bir adamyň birnäçe gezek ses berendigi hasaba alnypdyr. Partiýanyň synçylaryna saýlaw uçastogyny wideoýazga almak gadagan edilipdir.
XS
SM
MD
LG