Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda 8-nji mart mynasybetli karara gol çekildi


Aýal-gazlaryň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti degişli karara gol çekdi.

Dokument döwlet baştutanynyň adyndan kärhanalarda, guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki edaralarda aýal-gyzlara, pensionerlere, döwlet kömegini alýanlara, studentlere, mekdepde okaýan hem çagalar bagynda terbiýelenýän gyzlara pul sowgadyny dabaraly ýagdaýda gowşurmaga görkezme berýär.

S.Nyýazow 8-nji martda bellenýän aýal-gyzlar baýramyny ýatyryp, ony ejesiniň doglan gününe gabatlapdy. G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelensoň şol baýramy dikeltdi.
XS
SM
MD
LG